Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkezi Aziýanyň hyýaly proýektleri


CASA-1000 Proýekttiniň kartasy
CASA-1000 Proýekttiniň kartasy

Merkezi Aziýada ýene uly bir proýekte badalga berilýär, proýektiň düýbi bu gezek Täjigistanda tutulýar. Habarlardan mälim bolşyna görä, CASA-1000 diýlip atlandyrylýan Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa elektrik tok geçiriji proýektiniň 11-nji maýda düýbi tutulýar.

Eger bu proýekt planlaşdyrlyşy ýaly başlan halatynda, şoňa meňzeş planlaşdyrlan beýleki bir proýekt, ýagny Transowgan gaz proýekti ýaly, dartgynly Owganystandan geçmeli. Bilişimiz ýaly, 2015-nji ýylda açylyş dabarasynyň geçirilendigine garamazdan, Transowgan proýekti barada iş ýüzünde henize çenli ädilen ädim ýok.

Şeýle ýagdaýda eýsem CASA-1000 atly häzirki proýektiň ykbaly nähili bolar? Mejlisiň şu günki sanynda tutuş region üçin derwaýys proýektler diýlip hasaplanýan CASA-1000 we Transowgan proýektleriniň ähmiýeti, ykbaly we olaryň öňünde keserip duran problemalar hakda gürüň edilýär.

Mejlisiň myhmanlary:

Dr. Luca Anceschi – Glasgow Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy we Transowgan proýekti barada ençeme ylmy makalalaryň awtory;

Casey Michel - Merkezi Aziýa boýunça synçy we CASA-1000 barada ýakynda "The diplomat" neşirinde çap edilen makalanyň awtory;

Abubakir Siddik – Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Owganystan we Pakistan barada makalalar çap edýän Gandhara atly websahypasynyň redaktory hemem Pakistanyň tire-taýpalar regionyna gönükdirlen "Pashtun Question" atly kitabyň awtory;

Bruce Pannier - Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogy - "Qishloq Ovoziniň" redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Mejlisi diňlemek üçin şu düwmä basyň.

Merkezi Aziýanyň hyýaly proýektleri
please wait

No media source currently available

0:00 0:24:00 0:00

XS
SM
MD
LG