Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Şindzo Abe Putin bilen duşuşýar


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen 6-njy maýda Soçide geçirýän duşuşygynda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we uzak wagtlap dowam edýän dawalary çözmäge synanyşar.

Tokio-Moskwa gatnaşyklary sowet goşunlarynyň Ikinji Jahan Urşunda basyp alan Kuril adalarynyň üstündäki dawa sebäpli zyýan çekdi.

Adalaryň daşyndaky dawa Ýaponiýanyň we Orsýetiň urşuň formal taýdan tamamlanmagy hakynda parahatçylyk ylalaşygyna gol çekmegine päsgel berip gelýär.

“Bu çylşyrymly, köptaraplaýyn mesele diňe taraplaryň ikisi üçin hem kabul ederlikli ýoldan, düýpli partnýorlyk arkaly çözülip bilner”, diýip Putiniň daşary syýasat boýunça geňeşçisi Ýuriý Uşakow aýtdy.

Ýaponiýanyň ýaňy-ýakynda Gündogar döwletleriniň Orsýete garşy sanksiýalaryna goşulyşmagy-da Moskwanyň we Tokionyň arasyndaky dartgynlylygy güýçlendirdi.

XS
SM
MD
LG