Sepleriň elýeterliligi

Prezidente berlen teperrik ýüze sylynýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda Käbä eden zyýaraty mynasybetli sadaka berip, özüne Käbäniň "Toba gapysyny tämizlemek hormatynyň miýesser edendigini" gürrüň berdi.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň ilki Ministrler kabinetiniň mejlisini geçirip, milli ykdysadyýetiň dört aýdaky ösüşine seredendigini, soňra Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýandygyny habar berýär.

Prezident Berdimuhamedow sadaka mahalynda Saud Arabystanyna eden resmi sapary, geçirilen gepleşikler barada gysgaça durup geçdi.

«Saparyň ikinji gününde, 2-nji maýda Mekge şäherinde bolup, mukaddes Käbede haj parzyny berjaý etmäge, şol günüň ertesi, 3-nji maýda bolsa, Medine şäherinde, Muhammet pygamberiň metjidinde ybadat etmäge hem mümkinçilik döredi» diýip, prezident aýtdy.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilýän gije Saud Arabystanynyň patyşasynyň «mukaddes Käbäniň gapysyny açyp, Allanyň öýüniň içinde namaz okamaga ýörite mümkinçilik döredendigini» belledi.

Türkmen lideriniň pikirine görä, bu mümkinçiligiň Muhammet pygamberiň Arşa çykan çykan senesine gabat gelmegi «hasam ähmiýetli». Ol munuň «türkmen taryhynda ilkinji gezek, umuman dünýä möçberinde alaňda-da örän bir seýrek duşýan taryhy wakadygyny» aýtdy.

Şeýle-de prezident Käbäniň içki diwarlarynyň ýanynda, keramatly daşyň ýerleşýän burçunda namaz okap, il-ýurt üçin ýagşy dileg edendigini gürrüň berdi.

«Mukaddes Käbäniň içki diwarlaryny we Toba gapysyny hem tämizlemek örän belent hormat, uly mertebe hasaplanýar, bize şeýle hormat hem miýesser etdi» diýip, prezident aýtdy.

Mundanam başga, türkmen prezidenti «Allanyň öýüniň berekediniň, päkizeliginiň ýurdumyza, halkymyza nur bolup ýagmagy ýagşy dileg edilip, mizemez we mukaddes doganlykdan nyşan hökmünde, bize teperrik berildi» diýdi.

Soňra prezident Berdimuhamedow özüne Käbede berlen teperrigi Türkmenistanyň müftisine gowşurmak kararyna gelendigini aýtdy.

Öz sözleri bilen aýdylsa, «bu teperrik ýurduň metjitlerinde goýulsa», «adamlaram bu mukaddes teperrige tagzym etseler, onda hem ýerine düşer» diýip, prezident pikir edýär.

Türkmen telewidenivesi müftiniň bu teperrigi «ýüzüne sylyp kabul edendigini», onuň welaýatlardan gelen ýaşulular tarapyndan hem şeýle kabul edilendigini habar berdi.

Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Käbeden getirilen teperrik soňra ýurduň baş metjidine getirildi.

Prezidente berlen teperrik, halkyň gelip tagzym etmegi üçin, aram-aram welaýatlardaky metjitlerde hem goýlar.

Mundan öň prezident Berdimuhamedowyň adyndan 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli aýal-gazlara berlen pul sylaglarynyň, prezidentiň adyndan çykarylan kitaplaryň ýüze sylynyşy görkezilipdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG