Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 50-den gowrak köpçülik mazary tapyldy


Ramadi, köpçülik mazary tapyldy, 19-njy aprel, 2016

Ramadi, köpçülik mazary tapyldy, 19-njy aprel, 2016

Yrakda «Yslam döwleti» toparyndan halas edilen territoriýadan 50-den gowrak köpçülik mazarlygy, şol sanda futbol meýdançasynda adam jaýlanan üç ýer tapyldy diýip, BMG-niň wekili 6-njy maýda aýtdy.

Ýan Kubis BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde ABŞ güýçleri tarapyndan goldanylýan yrak goşunlary Ramadini we demirgazyk we günbatar Yrakdaky ýerleri yzyna alanda, jeňçi toparyň eden aýylganç jenaýatlarynyň subutnamalarynyň tapylandygyny gürrüň berdi.

Ilçi Yrakdaky ynsanperwerçilik krizisiniň agyrlaşýandygyny, ilatyň üçden biriniň ýa-da 10 milliondan gowrak adamyň gyssagly kömege mätäçdigini aýtdy. Geçen ýyldaka garanda, Yrakda bu ýyl kömege mätäç adamlar iki esse köpelipdir.

Şeýle-de ol ýene, ýylyň aýagyna çenli, YD-a garşy harby kompaniýa sebäpli, iki million adamyň ýaşaýan ýerinden göçürilmeginiň mümkindigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG