Sepleriň elýeterliligi

Erdogan: Türkiýe terrorçylyk kanunlaryny üýtgetmez


Rejep Taýyp Erdogan

Rejep Taýyp Erdogan

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Türkiýe öz raýatlarynyň Ýewropa wizasyz syýahat etmegi üçin terrorçylyga garşy kanunlaryny üýtgetmez diýdi.

Erdoganyň 6-njy maýdaky beýanaty bu ylalaşygy gepleşen premýer-ministr Ahmet Dawutoglunyň prezident bilen oňuşmazlyk zerarly işden çekilen gününiň ertesine gabat geldi.

Erdogan Ýewropa ýurtlaryna ýüzlenip, «Biz öz ýolumyz bilen gideris, siz öz ýoluňyz bilen» diýdi.

ÝB Türkiýeden, türk raýatlaryna Ýewropa gysga wagtlyk wizasyz sapar etmek hukugynyň berilmeginiň şerti hökmünde, ýurduň terrorçylyk baradaky kanunlaryna gaýtadan seretmegi soraýar.

Erdogan terrorizme has giň kesgitleme berilmegi barada basyş edýär.

XS
SM
MD
LG