Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Abe Kuril adalary boýunça "böwsüş" etdim diýýär


Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi iki lideriň bu meseläni çözmek barada ylalaşandygyny aýdýar.
Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi iki lideriň bu meseläni çözmek barada ylalaşandygyny aýdýar.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren 3-4 sagatlyk gepleşiginde iki ýurduň arasynda Kuril adalary boýunça onlarça ýyllap dowam edýän dawany çözmekde «böwsüş» edendigini aýdýar.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi iki lideriň «köne pikirlenişi bir gyra taşlap", bu meseläni çözmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Orsýet bu adalary Ikinji Jahan urşundan soň ele geçirdi we Ýaponiýa indi olaryň yzyna berilmegini isleýär.

Kreml rus we ýapon liderleriniň duşuşygyndan öň bu meselede ylalaşyk gazanylmak umydyna kembaha garady. Şeýle-de Moskwa bu adalara eýeçiliginden el çekmek meýliniň bardygyny görkezmedi.

XS
SM
MD
LG