Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýäniň sudy iki žurnaliste ýyl kesdi


«Jumhuriýet» gazetiniň baş redaktory Jan Dundara 5 ýyl 10 aý türme tussaglygy berildi.
«Jumhuriýet» gazetiniň baş redaktory Jan Dundara 5 ýyl 10 aý türme tussaglygy berildi.

Türkiýäniň sudy iki žurnalisti, döwlet syrlaryny açandyklary üçin, azyndan bäş ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

«Jumhuriýet» gazetiniň baş redaktory Jan Dundara 5 ýyl 10 aý türme tussaglygy berildi. Gazetiň Ankara býurosynyň başlygy Erden Gule bäş ýyl berildi.

Olar käbir beýleki aýyplamalardan, şol sanda hökümeti agdarmak synanyşygy aýyplamasyndan aklandy.

Bu höküm Stambuldaky sud binasynyň daş işiginde bir hüjümçi Dundary tüpeňlejek bolanyndan soň çykaryldy.

Dundar we Gul 2014-nji ýylda Siriýa ýarag gaçakçylygy diýilýän baradaky döwlet syrlaryny açandygy üçin sud edilýärdi.

Prezident Rejep Taýyp Erdogan olary Türkiýäniň halkara abraýyny gaçyrjak bolmakda aýyplady we Dundaryň «agyr töleg tölemeli boljakdygyny» aýtdy.

XS
SM
MD
LG