Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Londona musulman häkim saýlandy


Han sesleriň 57 prosentini alyp, 43 prosent ses alan konserwatiw garşydaşyndan üstün çykdy.
Han sesleriň 57 prosentini alyp, 43 prosent ses alan konserwatiw garşydaşyndan üstün çykdy.

Britaniýanyň oppozisiýadaky Zähmet partiýasynyň kandidaty Sadyk Han Londonyň häkimligine saýlanyp, Ýewropa Bileleşiginiň paýtagtlarynda şeýle wezipä seçilen ilkinji musulman boldy.

Han sesleriň 57 prosentini alyp, 43 prosent ses alan konserwatiw garşydaşyndan üstün çykdy.

"Gutlaýaryn, Sadyk Han. Hemmeler üçin adalatly Londony döretmekde seniň bilen işleşmäge sabyrsyz garaşýaryn» diýip, Zähmet partiýasynyň lideri Jeremi Gorbun 6-njy maýda twitterde ýazdy.

Pakistanly immigrantyň we Londandaky awtobus sürüjisiniň 45 ýaşyndaky ogly öz konserwatiw garşydaşy, tütjar baýyň ogly, 41 ýaşyndaky Zak Goldsmitden üstün çykdy.

Goldsmit Hany musulman ekstremistlerini goldamakda aýyplap, hatda öz Konserwatiw partiýasynyň agzalary tarapyndan hem tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG