Sepleriň elýeterliligi

Gazak polisiýasy protestleriň öňüni aldy


 Almaty, 7-nji maýdaky tussag etmeler onlarça adam merkezi meýdança toplananda amala aşyryldy.

Almaty, 7-nji maýdaky tussag etmeler onlarça adam merkezi meýdança toplananda amala aşyryldy.

Gazagystanyň polisiýasy Almatynyň merkezi meýdançasynda hökümetiň ekerançylyk ýerlerini uly möçberde hususyýetçilige bermezligine çagyrmakçy bolýan protestçileriň öňüni almak üçin ýigrimiden gowrak adamy tussag etdi.

7-nji maýdaky tussag etmeler onlarça adam merkezi meýdança toplananda amala aşyryldy.

Polisiýa ýygnanlaryň daşyny gabap, olary derrew dargatdy. Ýogsa ol ýere gelenler özleriniň Milli goşunyň gününde, Gazagystanyň garaşsyzlyk heýkeliniň eteginde gül çemenlerini goýmaga gelendiklerini aýtdylar.

Polisiýa bu çärä gelmedik aktiwistleriň hem birnäçesini, öňürdip, öz ýaşaýan ýerlerinde tussag etdi.

7-nji maýda tussag edilenleriň hemmesi gysga wagt soň boşadyldy.

Soňky iki hepdede ýüzlerçe gazak ýurduň birnäçe şäherinde köçelere çykyp, prezident Nazarbaýewiň hökümetinden nägilelik bildirdi.

XS
SM
MD
LG