Sepleriň elýeterliligi

Tähran Siriýadaky pidalaryny tassyklaýar


 Aleppo, howa zarbasynyň pidalary halas edilýär.

Aleppo, howa zarbasynyň pidalary halas edilýär.

Tähran özüniň Alepponyň golaýynda söweşýän esgerleriniň birnäçesiniň öldürilendigini tassyk etdi.

Munuň Eýran Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada goldaw üçin goşun ýerleşdireli bäri çeken iň uly ýitgisi-de bolmagy mümkin.

«Fars» habar gullugy 7-nji maýda Rewolýusiýa gwardiýasynyň resmisine salgylanyp, 6-njy maýda Han Toumanda «Yslam döwletiniň» jeňçileri bilen çaknyşyklarda Eýranyň 13 harby geňeşçisiniň öldürilendigini, 21-siniň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Han Touman Alepponyň 15 km günorta-günbatarynda ýerleşýär.

«Roýters» habar gullugynyň maglumatyna görä, söweşde onlarça adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG