Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baku we Ýerewan bir-birini aýyplaýar


Azeri esgeri
Azeri esgeri

Ermenistan bilen Azerbaýjan bir-birini serhet çägine top atyp, ýaraşyk şertlerini bozmakda aýyplaýar.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 8-nji maýda ermeni güýçleriniň atyşygy bes etmek ylalaşygyny soňky 24 sagatda 120 gezekden hem köp bozandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Azerbaýjanyň pozisiýalaryna granatamýotlardan, pulemýotlardan we minomýotlardan ok atylýar.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi 7-nji maýda Azerbaýjanyň güýçleriniň ermeni goşunynyň pozisiýalaryny topa tutandygyny, tüpeňlerden we mergen ýaraglaryndan ot açandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG