Sepleriň elýeterliligi

Warşawada hökümete protest bildirilýär


Demonstrasiýaçylar

Demonstrasiýaçylar

Polşanyň sag ganat hökümetine garşy protest bildirmek üçin onlarça müň adam Warşawanyň köçelerine çykdy.

Käbirleri munuň gündogar Ýewropa ýurdunda 1989-njy ýylda kommunist dolandyryşy agdarylaly bäri görlen iň uly demonstrasiýadygyny aýdýar.

Tankytçylar geçen ýyl häkimiýeti alan konserwatiw partiýany, Kanun we adalat partiýasyny Polşanyň Ýewropa geljegini töwekgellige salmakda aýyplaýarlar.

Warşawanyň häkimi Hanna Gronkiýewicz-Waltz 7-nji maýda polýak paýtagtynyň köçelerine çykan demonstrantlaryň sanynyň 200 müň bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG