Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Ýeňiş gününi belleýär


Ýeňiş gününiň esasy dabarasy 9-njy maýda geçiriler.

Ýeňiş gününiň esasy dabarasy 9-njy maýda geçiriler.

Aşgabatda we Türkmenistanyň regionlarynda şu günler 1941-1945-nji ýyllaryň Ikinji Jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 71 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär diýip, Turkmenistan.ru internet gazeti habar berýär.

Bu dabaralarda, aýdylmagyna görä, uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan aýallaryna ýurduň prezidentiniň adyndan pul sylaglary we gymmatbaha sowgatlar gowşurylýar.

Ýurduň muzeýlerinde Ýeňiş gününe bagyşlanan sergiler guraldy, bilim edaralarynda bolsa uruş weteranlary bilen duşuşyklar, edebi agşamlar geçirilýär.

Ýeňiş gününiň esasy dabarasy 9-njy maýda geçiriler. Şonda Türkmenistanyň ähli regionlaryndan gelen delegasiýalar Aşgabatdaky Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda watan üçin baş goýanlaryň hatyrasyna gül çemenlerini goýarlar.

Türkmen metbugaty Ikinji Jahan urşunda 740 müň türkmenistanlynyň, türkmen topragyndan fronta giden her ikinji adamyň wepat bolandygyny ýazýar.

Türkmenistandan urşa gidenleriň 5 müňden gowragy mugallym eken.

XS
SM
MD
LG