Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak polisiýasy 'ýer protestçilerini' tutýar


Almatyda onlarça gazak tussag edildi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:01 0:00

Almatyda onlarça gazak tussag edildi

Gazagystanyň polisiýasy Almatynyň merkezi meýdançasynda hökümetiň ekerançylyk ýerlerini uly möçberde hususyýetçilige bermegine garşy çagyryş etmekçi bolan protestçileriň öňüni almak üçin ýigrimiden gowrak adamy tussag etdi.

7-nji maýdaky tutha-tutluk onlarça adam merkezi meýdança toplananda amala aşyryldy.

Polisiýa ýygnanlaryň daşyny gabap, olary derrew dargatdy. Ýogsa ol ýere gelenler özleriniň Milli goşunyň gününde, Gazagystanyň Garaşsyzlyk heýkeliniň eteginde gül çemenlerini goýmaga gelendiklerini aýtdylar.
Polisiýa bu çärä gelip ýetişmedik aktiwistleriň hem birnäçesini, öňürdip, öz ýaşaýan ýerlerinde tussag etdi.

7-nji maýda tussag edilenleriň hemmesi gysga wagt soň boşadyldy.

Soňky iki hepdede ýüzlerçe gazak ýurduň birnäçe şäherinde köçelere çykyp, bu ýurtda seýrek bolýan protest aksiýalarynda, prezident Nazarbaýewiň hökümetinden nägilelik bildirdi.

Protestçiler döwlet eýeçiligindäki ekerançylyk ýerleriniň uly möçberde hususylaşdyrylyp başlanmagyny maksat edinýän kanun reformasyndan yza çekilmegi talap edýärler.

Bu reforma daşary ýurt raýatlaryna hem 25 ýyla çenli kärendesine ýerini almaga rugsat berýär. Olar şu wagta çenli ýeri diňe 10 ýyl möhlet bilen kärendesine alyp bilýärdiler.

Bu protestler bilen bagly iki ministr işden çekildi.

Prezident Nazarbaýew 5-nji maýda, krizisiň badyny gaçyrmak üçin, ýerleri hususylaşdyrmak planlaryna garşy 2017-nji ýyla çenli moratoriý girizjekdigini yglan etdi.

Gazagystanyň ykdysadyýet ministri Erbolat Dosaýew pezidentiň bu beýanatyndan soň bada-bat işden çekildi.

Ýurduň oba hojalyk ministri Asylžan Mamytbekow bolsa prezident Nazarbaýewden «wezipesine doly hötde gelmeýändigi» barada resmi käýinç alanyndan soň, 6-njy maýda işden çekildi.

Hökümet ozal ýurduň oba hojalyk ýerleriniň 2 prosente hem ýeter-etmez böleginiň, hususylaşdyrmak üçin, 1-nji iýuldan başlap auksiona çykaryljagyny yglan edipdi.

Nazarbaýew 5-nji maýda bu plana moratoriý girizýändigini yglan etmek bilen, onuň 2017-nji ýylda haçan durmuşa geçiriljekdigini aýtmady. Emma ol ýer reformalaryna gözegçilik etmek üçin ýörite hökümet komissiýasynyň dörediljekdigini aýdyp, “biz bu komissiýanyň üsti bilen öz adamlarymyza ýerleri hususylaşdyrmak baradaky kanunçylygy düşündirmek üçin ähli zady etmeli» diýdi.

Demonstrasiýaçylar ýer auksionlarynyň açyk-aýdyň görnüşde geçirilmejekdigini, netijede daýhanlaryň däl-de, ýurduň elitasynyň ýer eýeleri bolup çykjakdygyny, soň olaryň ýerleri daşary ýurtlulara satyp, uly peýda görjekdiklerini aýdyp, alada bildirdiler.

Hökümet daşary ýurtlular ýeri 25 ýyla çenli kärendesine alyp bilse-de, olaryň ýer eýesi bolup bilmejekdigini ýa-da planlaşdyrylýan auksionlara gatnaşdyrylmajakdygyny nygtady.

Häkimiýetler protest aksiýalary mahalynda ýerleri hususylaşdyrmak barada «galp maglumat ýaýratmagyň» jenaýatdygyny duýdurdylar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG