Sepleriň elýeterliligi

Türk mediasy: Siriýada 55 jeňçi öldürildi


Injirlik howa bazasyndaky türk uçary

Injirlik howa bazasyndaky türk uçary

Türk mediasy demirgazyk Siriýada «Yslam döwleti» ekstremist toparyny nyşana alan türk güýçleriniň 55 jeňçini öldürendigini aýdýar.

Döwlet eýeçiligindäki «Anadolu» habar gullugy we «Dogan» habar agentligi 8-nji maýda türk goşunynyň Alepponyň golaýyndaky YD nyşanalaryna zarba urup, üç harby maşyny we üç raketa sistemasyny weýran edendigini habar berdi.

«Anadolu» türk uruş uçarlarynyň 8-nji maýda gadagan edilen Kürdistan işçiler partiýasynyň, PKK-nyň demirgazyk Yrakdaky nyşanalaryny hem bombalandygyny aýdýar. Bu habarlar garaşsyz ýagdaýda tassyklanylyp bilinmedi.

XS
SM
MD
LG