Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 6 "talyban" asyldy


Gani geçen aý, «Talyban» 64 adamy öldüreni bäri jeňçilere garşy pozisiýasyny berkitdi.

Gani geçen aý, «Talyban» 64 adamy öldüreni bäri jeňçilere garşy pozisiýasyny berkitdi.

Owgan resmileri ölüm jezasy berlen alty «talyban» tussagynyň 8-nji maýda asylyp öldürilendigini, munuň Aşraf Gani 2014-nji ýylda prezident bolaly bäri ýerine ýetirilen ilkinji ölüm jezalarydygyny aýtdylar.

Ýerli media jezalaryň Kabulyň Pole-çarhy türmesinde ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Prezident edarasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, «owgan konstitusiýasyna laýyklykda, Gani "asuda adamlara we jemgyýetçilik howpsuzlygyna garşy aýylganç jenaýat eden alty terrorçynyň jezalandyrylmagyny» tassyklapdyr.

Gani geçen aý, «Talyban» Kabula hüjüm edip, 64 adamy öldürip, 340 adamy ýaralany bäri jeňçilere garşy pozisiýasyny berkitdi.

Amnesty International Ganini jeza buýruklaryna gol çekmezlige çagyrdy.

XS
SM
MD
LG