Sepleriň elýeterliligi

Ýewrowizionda Daglyk Garabagyň baýdagy gadagan


Ýewrowizionyň konsertlerinde "görkezilmegi gadagan edilen baýdaklaryň" sanawy.

Ýewrowizionyň konsertlerinde "görkezilmegi gadagan edilen baýdaklaryň" sanawy.

Ýewrowizionyň konsertlerinde "görkezilmegi gadagan edilen baýdaklaryň" sanawynyň arasynda Bask, Krym, Donetsk halk respublikasy we "YD-niň” baýdaklary hem bar.

Ýewrowizion aýdym-saz bäsleşigini gurnaýan Ýewropanyň ýaýlymlar birleşiginiň "EBU" (The European Broadcast Union) ulanylmaly däl diýilýän baýdaklaryň sanawyny çap etmegine hemmeler birmeňzeş garaýyş bildirenok.

Birnäçe gazet hem internet sahypalarynyň beýan etmegine görä, Ýewrowizionuň konsertlerinde "görkezilmegi gadagan edilen baýdaklar" Bask, Krym, Donetsk halk respublikasy, Kosowa, Daglyk Garabag, Demirgazyk Kipr respublikasy, Palestina, Dnestriýa we ýene-de birnäçe ykrar edilmedik ýerlere ýa-da şerigatçy toparlara degişli baýdaklardyr.

Bulardan käbiri, ylaýta-da Palestina, resmi derejede bu karary ýazgarýan beýannama bilen çykyş etdi.

Palestina hökümetiniň beýannamasynda, kararyň üýtgedilmegi we 11 million Palestina halkyndan ötünç soralmagy talap edilipdir.

Bu karara Ispaniýanyň hökümetinden hem resmi ýagdaýda närazylyk bildirilipdir. Madrid hökümeti hem Bask sebitiniň baýdagyna goýlan gadagançylygy ýazgarýar.

"Bu durşy bilen esasy kanuna gabat gelýän kanuny taýdan ykrar edilen baýdak. Ispaniýanyň hökümeti ony gerek bolan halatynda goramak üçin degişli çäräni görer" - diýip, premýer-ministriň kömekçisi Soraýa Saenz de Samtamaria öz beýannamasynda nygtaýar.

"EBU" bolsa munuň bilen baglanyşykly beýannamasynda gadaganlyk sanawynyň öz içerki işleri üçin taýýarlanandygyny we halk köpçüligine ýetirmegi göz öňünde tutmandyklaryny bildirýär.

Ýewrowiziondan düşündiriş

"EBU", bu ýagdaý barasynda bir jetlik döremez ýaly çap eden beýannamasynda, Ýewrowizion bäsleşiginiň geçirilýän ýerinde BMG-ä agza bolan ýurtlaryň, bäsleşige gatnaşýan döwletleriň we ÝB-niň baýdaklarynyň ulanylyp bilinjekdigini mälim edýär.

Gurama şol bir wagtyň özünde närazylyk bildirenlerden ötünç soraýar we sanawyň häzirlikçe doly tamamlanmandygyna ünsi çekip, oňa geljekde käbir baýdaklaryň goşulyp biljekdigini ýaňzydýar.

Kosowanyň, Şotlandiýanyň we Uelsiň baýdaklary hem şol gadaganlar sanawyna girizilýär.

"EBU" bu ýagdaýa hem öz beýannamasynda "aýdym-saz bäsleşiginde dereksiz syýasy çykyşlaryň önüniň alynmagy üçin görlen çäre" hökmünde düşündiriş berýär.

Jynsy azlyklaryň "älemgoşar" baýdagyna bolsa gadagançylyk girizilmändir. Ýöne ol baýdagyň syýasy manyda ulanylmajakdygyna aýratyn üns çekilýär.

Ermenistanyň reaksiýasy

Ermenistanyň ”Arminfo” habar gullugynyň maglumatyna görä, Ýewrowiziondaky Ermenistanyň toparynyň ýolbaşçysy Gohar Gasparýan "Artsahyň" baýdagynyň gadagan edilmegi barasynda öz nägileligini bildirýär. Ol özüniň metbugata beren beýannamasynda "Şeýle kararyň ýüze çykyp biljek gödeklikleriň öňüniň alynmagy üçin howpsuzlyk maksady bilen kabul edilen bolmagy ahmal. Bizem ähli gatnaşýanlar ýaly bu karara hormat goýmalydyrys" diýýär.

Gadaganlaryň sanawyna "YD" we beýleki ekstremistik toparlaryň baýdaklary bilen bilelikde kommersiýa we reklama maksatly nyşanlar hem girizilipdir.

XS
SM
MD
LG