Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Milli bölünişik – Etniki degişlilik (3-nji bölüm)


Türkiýäniň polisiýasy Stambulyň Sultanahmet etrapçasynda bolan partlamadan soň, bu ýerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär.

Türkiýäniň polisiýasy Stambulyň Sultanahmet etrapçasynda bolan partlamadan soň, bu ýerde howpsuzlyk çärelerini güýçlendirýär.

Türkiýäniň "Halklaryň demokratik" partiýasy, ýagny HDP-niň iki başlygynyň biri bolan Selahattin Demirtaş Waşingtona eden saparynda Kürt syýasy barlag merkeziniň açylyş dabarasynda "türkler bilen kürtleriň arasynda [ýaragly] konflikt turmak howpy barmy" diýip berlen soraga açyk jogap bermekde kynçylyk çekdi.

Demirtaş sapalak atyp: "Men bu meselede gaty seresaply gürlemäge çalyşýaryn. Bu beýanat bererden, baha biçerden juda ynjyk tema" diýdi.

Ne "hawa" ne "ýok".

Ýöne ol soňra "Washington Post" gazetine beren interwýusynda has açygrak gürläp: "Köp türk we kürt öler, bu graždanlyk urşuny turzar" diýip, haýbat hem atman durmady.

Näresmi taýdan HDP Türkiýede gadagan edilen we 32 ýyl bäri türk döwletine hem goşunyna garşy gandöküşikli uruş alyp barýan "Kürdüstanyň işçiler" partiýasy PKK-nyň esasy syýasy goly hasaplanylýar. Janyndan geçen kürt militantlarynyň soňky wagtlarda amala aşyran hüjümlerinde Türkiýäniň uly şäherlerinde parahat ilatdan ýüzlerçe adam öldi. Türk goşuny hem ýurduň öz içinde we demirgazyk Yrakda güman edilýän PKK nyşanalaryna zarba urýar.

Bu bolsa türkler bilen kürtleriň arasynda dartgynlylyga getirdip, wagtal-wagtal bu iki jemgyýetiň dükanlaryna ýa geçirýän üýşmeleňlerine hüjüm edilýär. Munda hem günälenýän bütin "türkler" ýa "kürtler" bolýar.

Golaýda dürli şäherlerde, şol sanda iki jemgyýetiň-de asyrlar boýy parahatçylykly ýaşap gelýän şäheri Kirşehirde, onlarça kürt hem türk dükany otlanyp, dargadyldy. Ýerli häkimiýetler bu hüjümlere "prowokatorlary" jogapkär etse, hem türk hem-de kürt dükan eýeleri jogapkärler "biziň şäherimize daşardan gelip, aramyza agzalalyk saljak bolýan adamlar" diýdiler.

Kürt aktiwistleriniň, synçylarynyň köpüsi geçmişdäki we häzirki türk hökümetlerini "jynsparaz", "faşist" diýip aýyplaýarlar. Milletçilige ýykgyn edýän türk analizçileri hem etniki hukuklaryň gowulandyrylmagy baradaky talaplara separatizm, "uly Kürdüstan baradaky planlar" boýunça edilýän "ýaşyryn synanyşyk" diýip garaýarlar.

Şeýlelikde, raýat urşy turarmy, etniki konfrontasiýa bolarmy ýa-da türk köplügi bilen 78 million ilatyň, çak edilişine görä, 20 millionyny düzýän kürt azlygynyň arasynda gyrgynçylyk dörärmi, bu soraglara anyk jogap ýok.

Ýüz ýyl mundan ozal-da syýasy we sosial durmuşda türkler bilen kürtleriň arasynda uly tapawut ýokdy. Eýranda we beýleki musulman döwletlerde bolşy ýaly, Osmanly imperiýasynda hem "millet" etniki degişlik ýa dil däl-de, din esasynda kesgitlenýärdi. Imperiýanyň içinde yslam milleti bilen birlikde hristiýan we ýehudy milletleri-de, şäherleriň ýa obalaryň belli böleklerinde hem bolsalar, öz dini kanunlaryna we düzgünlerine tabynlykda ýaşardylar. Olar baýlyklaryndan, girdejilerinden goşmaça salgyt ("jizýe") tölemeli bolýardylar. Ýöne, aýratyn-da, Fransiýadaky ýa Ispaniýadaky ýehudylardan has erkin ýaşardylar.

Türkler bilen kürtleriň köpüsi ozal hem musulmandy, şindi-de musulman. Üstesine ikisi-de yslamyň sünni mezhebine uýýar.

Ara tapawutlar din ýa mezhep barada däl.

Hatda etniki degişlilik we jyns barada hem däl. Dogry, taryh bize türki taýpalaryň 11-nji asyrda şol wagtky Wizantiýa imperiýasyna çozup, dura-bara tutuş imperiýany, onuň 1453-nji ýylda türkleriň hökümdarlygy astynda Stambula öwrülen paýtagty Konstantinopoly-da alandyklaryny aýdýar. Ýöne taryh bize täze gelen türkleriň sanynyň esasan greklerden, arameýlerden, ermenilerden ýa eýran dillerinde gürleýän beýleki halklardan durýan ýerli ilatyň sanyndan has azlyk edendigini-de aýdýar.

Ýerli ilatyň aglabasy täze hökümdarlara we olaryň agalygyna uýgunlaşmak üçin wagtyň geçmegi bilen dura-bara yslam dinine girip, dillerini türkçä çalşyp, hatda atlaryny-da üýtgedipdirler. Bu gün antropologik barlaglaryň ählisi diýen ýaly, Türkiýäniň ilatynyň 90 prosentden hem gowragynyň ata-babalarynyň grekleriňki, kawkazlylaryňky, eýranly we orta gündogarly goňşularyňky ýaly ortaýerliler ýa günorta-günbatar aziýalylar bolandygyny görkezýär. Häzir gen kody orta aziýalylaryňka gabat gelýän türk ilatynyň sany diňe 5-6 prosent.

Jemläp aýdanyňda: bu günki Türkiýede türk we kürt dillerinde gürleýänleriň köplüginiň gen düzümi biri-birine juda çalymdaş.

Biri-birinden tapawutly diller

Dogry, dil. Türkçe bilen kürtçe özara gaty baglanyşykly bolsalar-da, biri-birinden tapawutly diller. Türkçe Anatoliýa türki taýpalaryň müň ýyl mundan ozal göçüp gelmegi bilen giripdir. Orta Aziýadan gözbaş alýan bu dil türkmençe, özbekçe, gazakça ýa mongolça ýaly altaý dilleri toparyna girýär. Kürtçe bolsa günbatar eýran dillerinden gelip çykan dil.

Häzirki zaman türkçesi bilen kürtçe/eýran parsçasy geçen on asyryň içinde birine-birine güýçli täsir etdi.

Geçen 90 ýyl

Ýöne näme ýalňyşlyk bolan bolsa, Osmanly imperiýasy çöküp, 1923-nji ýylda Türkiýe Respublikasy gurlanyndan soňra bolan bolmagy ähtimal.

Atatürkiň Birinji Jahan urşunyň harabalyklaryndan çykan ýaş respublikasy özüni täze, döwrebap, Günbatary görelde edinen milli döwlet diýip definirlemäge synanyşdy. Uruşda agyr ýeňlişe uçran ýaş respublikan režime Günbatar toplumynyň bir agzasy hökmünde gelejege ynamly garaýan millet gerekdi.

Şeýdip, "sap türklük" düşünjesi nädogry göz öňüne getirilip, etniki, dil we taryhy taýdan ekstremizmiň, kähalatlarda hem, jynsparazlygyň duzagyna düşüldi.

Kürt dilini öwrenmegi gadagan etmek bilen çäklenilmän, eýsem kürt dilindäki kitaplary okamagyň, özüňi kürt, diliňi kürtçe diýip bilmegiň hem jezalandyrylma mümkinçiligi döredi.

Basym ilkinji ýyllaryň joşguny ýatyp, jynsa, dile ýa dine däl, "türk kimligi türk raýatlygyna esaslanýar" diýen döwlet ideologiýasyna ýol açyldy. Ýöne geçmişe degişli kanunlaryň, aýratyn-da praktikalaryň ençemesi iş ýüzünde galdy. Bu karara gaty giç gelnen bolmagy mümkin. Etniki dil ýa dini azlyklara degişli toparlar özlerini "türk" diýip bilmekden, bu diňe raýatlygy aňlatsa-da, boýun gaçyrdylar.

Geçen on-ýigrimi ýyllykda käbir zatlar gowşady. Indi kürt dilindäki aýdym-saz ýazgylaryny, kitaplary satyn alyp bolýar. Kürt dilinde gazet-žurnallar we hatda hökümetiň özüniň kürtçe telekanallary-da bar. Muňa garamazdan, kürt milisiýasynyň we aktiwistleriniň pikiriçe, hökümetiň "kürt meselesini çözmek plany" ak ýürekden däl hem-de haýal gidýär.

PKK-ny Türkiýe, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi "terroristik gurama" diýip tanaýar. Ýöne bu, iş-işden geçmänkä, parahatçylyk we barlyşyk gapysyny açmagyň öňünde keserip ýatan esasy mesele däl.

Isle ony, PKK-nyň edişi ýaly, "göreş" diýip atlandyr, isle, türk hökümeti we goşuny ýaly, "terrora garşy uruş" diý. Näme-de bolsa, 32 ýyl mundan ozal başlanan uruş harbylara we parahat ilata edilýän hüjümler bilen ýurduň günbatar regionlaryna-da ýaýrap, "iş ýüzünde graždanlyk urşuna" öwrüldi. Ol 40000-45000 adamyň başyna ýetip, ýurda milliardlarça dollar zyýan ýetirdi.

"Ilki olar başladylar, biz diňe gaýtargy berýäris" diýilýän gürrüňler möhüm däl. "NATO-nyň iň güýçli goşuny" PKK garşy söweşýär, Türkiýäniň ilatynyň köplügi we azlygy, PKK-nyň arka tarapdan, demirgazyk Yrakdaky we Siriýadaky kürt milisiýasyndan kömek geler diýip edýän umydy hem möhüm däl.

Esasy mesele taraplaryň gazaply hereketleri, weýrançylygy we milli bölünişigi arka atmakda ýeňiş gazanarys diýip, çyn ýürekden ynanmagy. Çözgüde diňe şeýle edilende gowşup bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG