Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistan: Hüjümde alty polisiýa ýaralandy


Çeçenistanyň polisiýa işgärleri.
Çeçenistanyň polisiýa işgärleri.

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanda söweşijileriň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm etmegi netijesinde alty polisiýa işgäri ýaralandy.

Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi, 9-njy maýda Groznynyň golaýynda bolan wakada üç polisiýa ofiseriniň agyr ýaralanandygyny aýtdy.

Orsýet we öňki sowet respublikalary Ikinji Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 71-nji ýyldönümini belleýän mahaly, Çeçenistan ýurtdaky howpsuzlyk çärelerini güýçlendirdi.

9-njy maýda öňki çeçen prezidenti Ahmad Kadyrowyň öldürilenine hem 12 ýyl doldy. Ol Groznynyň merkezi stadionynda “Ýeňiş baýramy” mynasybetli dabaralar geçirilýän mahaly edilen bomba hüjüminde heläk bolupdy.

Ahmad Kadyrowyň ogly Ramzan Kadyrow Çeçenistanyň Kreml tarapyndan bellenen lideridir.

XS
SM
MD
LG