Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa BBC-niň žurnalistini ýurtdan çykardy


BBC korporasiýasynyň logotipi

BBC korporasiýasynyň logotipi

BBC korporasiýasynyň žurnalisti Demirgazyk Koreýada tussag edilip, soňra ýurtdan çykaryldy. Maglumatda onuň häkimiýetdäki partiýanyň geňeşi barada maglumat taýýarlany sebäpli, ýurtdan çykarylandygy aýdylýar.

BBC korporasiýasy özüniň websaýtynda çap eden maglumatynda Rupert Wingfield-Haýesiň başga-da iki sany kärdeşi bilen birlikde 6-njy maýda Phenýanyň aeroportunda tussag edilendigini aýdýar.

Britan media korporasiýasynyň 9-njy maýda beren maglumatynda Haýesiň diňe özüniň sekiz sagat soraga çekilendigi we beýanata gol goýmaly edilendigi habar berilýär.

Soňra üç žurnalist aeroporta ugradyldy diýip, BBC-niň maglumatynda bellenilýär.

Hytaýyň “Xinhua” resmi habar agentligi Demirgazyk Koreýanyň Milli parahatçylyk komitetiniň 9-njy maýda metbugat konferensiýasyny geçirendigini habar berdi. Konferensiýada Haýesiň “sistema hüjüm etmekde we obýektiw maglumat bermezlikde” aýyplanyp, ýurtdan çykarylandygy habar berlipdir.

XS
SM
MD
LG