Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gymmada düşen Ýeňiş


Aşgabatdaky "Baky ot" ýadygärliginiň golaýynda duran oglan.
Aşgabatdaky "Baky ot" ýadygärliginiň golaýynda duran oglan.

Ýeňşiň nyrhy hiç wagtda ýeňil bolmandyr. Geçen Ýeňiş hem biziň halkymyza gaty gymmada düşdi. Ýeňiş gününden bäri 71 ýyl geçse-de, uruş baradaky taryh doly aýan edilmeýär.

Urşuň takdyry

Belli rus şahyry A. Twardowskiý ,,Wasiliý Terkin” poemasynda; söweşde kimlere girdabyň düýbi – ölüm garaşýar; kime ömürlik maýyplyk, üçünji birlerine şöhrat ýar bolýar diýdi.

Ikinji Jahan urşundaky gahrymançylyk, edermenlik hem Ýeňiş hakda köp aýdylýar. Pidalar barada dymýarlar ýa-da az aýdylýar. Pidalar ýatlananda, ol Beýik Ýeňşiň hatyrasyna boldy diýilýär.

Uruşlar türkmen topragyndan gaty uzakda geçdi. Ýöne onuň agyr ýüki milletiň gerdenine düşdi. Halk arasynda: ,,Geçen uruşdan pida çekmedik öý galan däldir” diýen gürrüň bar.

Pidalar

Urşuň başky ýyllarynda ýitgiler agyr bolupdyr.

Urşa alynýan adamlar sowatsyzdy, olara ýeterlik harby tälim berilmändir. Rus dilindäki “Dur!”, “Ýöre!” ýaly iň möhüm hem sada buýruklara-da düşünmändirler. Şeýle adamlary berk ýaraglanan duşmanyň, tutuş Ýewropany basyp alan goşunyň öňünde goýupdyrlar. Olar urşa giräýen ýerlerinde, sanly günüň dowamynda köpçülikleýin gyrlypdyr.

Häzirki wagtda geçen Watançylyk urşunda başarnyksyz hem dözümsiz syýasat sebäpli pidanyň köp bolandygy aýdylýar. Urşuň başky aýlarynda bir esgere hatda bir ýarag hem ýetmändir.

Günbatarly taryhçylaryň ýazmagyna görä, bir nemes soldatyny öldürmek üçin, on sany sowet soldaty ölmeli bolupdyr.

Maddy goldawlar

Halk diňe söwer ogullaryny däl, elindäki bar zadyny-da urşa beripdir. Türkmen Sowet ensiklopediýasynyň 8-nji tomunyň 92-93-sahypalarynda şeýle maglumat bar.

“Uruş döwründe tabşyrylan 7392 kg altyn we kümüş şaý-sepler türkmen aýal-gyzlarynyň ýokary watançylyk duýgusynyň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň zähmetkeşleri goranmak fonduna 170 mln. manat pul we döwlet zaýomlaryny tabşyrdylar, esgerler üçin 2 mln-a ýakyn ýyly geýim ýygnadylar, 70,6 mln. manatlyk zaýom we pul-zat lotereýalaryny satyn aldylar, 20,4 müň t metal böleklerini ýygnadylar, söweşijiler üçin 10 müň şahsy sowgatlar we 6 eşelon (300 wagona ýakyn) kollektiwleýin dürli sowgatlar iberdiler…

Diňe urşuň ilkinji iki ýylynda soýuz boýunça ofiserleriň we esgerleriň maşgalasyna 57 mln. manatlyk kömek puly, gurban bolanlaryň maşgalasyna we inwalidlere 465 mln. manatlyk pensiýa berildi, 15,2 müň harby işgäriň maşgalasy işe ýerleşdirildi...”

Türkmenistanlylar duşmandan azat edilen ýerleri diklemek göreşine-de işeňňir gatnaşdylar. ,,Stalingrad oblastyna 66 wagon dürli zat, şol sanda 15,4 müň mal iberdiler. 1943 ýylda azat edilen raýonlaryň we oblastlaryň haýryna plandan artyk 1590 ga däne ekdiler, 56 müň mal iberdiler.”

Uruş başlananda Türkmenistan 248 wraçy we 662 dürli medisina gullukçylary fronta ýollaýar. Umumylykda, uruş ýyllarynda Türkmenistandan bolan 556 wraç, 7,5 müňden gowrak kiçi medisina işgäri söweş meýdanynda gulluk edipdir.

Ýitgiler

Çekilen ýitgi-pidalar barada soňky ýyllarda dürli maglumat aýdylýar. Olaryň ählisi-de haýykdyryjy hem aýylganç.

Türkmen Sowet ensiklopediýasynyň 8-nji tomunyň 2-nji kitabynyň 107-nji sahypasynda şeýle maglumat bar.

,,Urşa gatnaşan beýleki ýurtlara garanda Sowet Soýuzy örän uly maddy ýitgileri çekdi. Faşistler sowet şäherleriniň ýüzlerçesini, obalaryň bolsa 70 müňden gowragyny weýran etdiler, netijede, 25 mln-na golaý adam öýsüz-öwzarsyz galdy. Garakçylar senagat kärhanalarynyň 32 müňe golaýyny, demir ýollaryň 65 müň km-ini ýumurdylar...”

Şol çeşmede ynsan pidalary barada şeýle diýilýär.

,,Sowet Soýuzy uruşda 20 mln-dan köpräk adam (graždan ilaty bilen birlikde) ýitgisini çekdi, bu bolsa bütin 2 jahan urşunda çekilen adam ýitgisiniň 40%-ne barabar bolýar...”

Gahrymançylyk

– Biziň halkymyza gahryman diýýärler, bu hakykatdanam şeýle – diýip, ,,Şöhrat” ordeniniň 3-nji hem 2-nji derejelerini alan, uruş maýyby R. Kerinow gürrüň berdi. – Onuň edermenligini göz öňüne getirmek üçin, şol ýyllara seredip görüň. Ilki rewolýusiýa – ynkylap gozgalaňlary, yzyndan daýhan birleşikleri halky çaýkady. Soňra Staliniň tutha-tutlugy başlandy, yzyndan uruş belasy geldi. Millet öz durmuşyny birnäçe gezek ýaňadan diklemeli boldy. Halk şol heläkçiliklerde ýok bolup, dargap gitmedi, öz barlygyny hem ýurduny saklady. Mukaddes zatlary, öz däp-dessuryny gorady. Ol Ýeňşe ýetdi. Eýsem munuň özi gahrymançylyk dälmidir?

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

XS
SM
MD
LG