Orsýetli oppozision aktiwist ýurduň günorta-günbataryndaky Woronež şäherinde zorluk bilen psihiatrik keselhana ýerleşdirildi.
Dmitriý Worobýewskiýniň dostlary, aktiwistiň 6-njy maýda polisiýa we saglyk işgärleri tarapyndan zorluk bilen psihiatrik klinikasyna geçirilendigini aýtdylar.
Ýerli hukuk goraýjy we aklawçy Olga Gnezdilowa 9-njy maýda beren maglumatynda Worobýewskiýniň klinika ýerleşdirilenden 48 sagat soň goýberilmelidigini aýtdy.
Ýöne ol Ýeňiş baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri sebäpli, Worobýewskiýniň keselhana ýerleşdirilmeginiň kanunalaýyk bolup-bolmanlygy baradaky sud diňlenişiginiň 10-njy maýda geçiriljekdigini belledi.