Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Brýussel: Türkmenistandaky adam hukuklary maslahat edildi


Ýewropa Parlamentiniň binasynyň öňünde Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy.
Ýewropa Parlamentiniň binasynyň öňünde Ýewropa Bileleşiginiň baýdagy.

Brýusselde “Olary diri görkeziň” atly kompaniýanyň aktiwistleri bilen Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” websaýtynda berlen maglumata görä, 3-nji maýda geçirilen bu duşuşyk Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlyk paktyna gol goýmak barada Ýewropa Parlamentinde geçiriljek ses berişligiň öňýanynda amala aşdy.

Bu ýygnakda “Olary diri görkeziň” atly kampaniýany guramalaşdyrýan hökümete degişli däl guramalaryň aktiwistleri we hukuk goraýjylar Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, türkmen häkimiýetleriniň türmelerdäki ençeme tussagyň ykbaly barada habar bermeýändigini, raýatlaryň hereket azatlygynyň çäkli bolmagyna galýandygyny aýtdylar.

“Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen bu ylalaşygy baglaşmagy, Türkmenistanyň halky üçin, hamana, adamlaryň we olaryň hukuklarynyň o diýen wajyp däl-de, tebigy gazyň we diktator bilen gatnaşyklaryň has möhümdigi barada yşarat bolar” diýip, “Freedom Files” analitik merkeziň direktory Olga Zaharowa aýtdy.

Şeýle-de, bu duşuşygyň çäginde çykyş eden döwlete degişli däl guramalaryň käbir aktiwistleri Azatlyk Radiosynyň we “Türkmenistandan alternatiw habarlar” guramasynyň tussaglykdaky habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewiň adynyň Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň sanawyna, ýagny “Olary diri görkeziň” kampaniýasyna goşulmagyny teklip etdiler.

XS
SM
MD
LG