Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Iki hepde öň ballistik raketa synagdan geçirildi


Ballistik raketa synagdan geçirilýär.

Ballistik raketa synagdan geçirilýär.

Eýran özüniň ýene bir ballistik raketany üstünlikli synagdan geçirendigini aýdýar. Bu Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda ýadro ylalaşygy baglaşylany bäri synagdan geçirilen ençeme raketanyň iň soňkusydyr.

Eýranyň “Tasnim” atly ýarym-resmi habar agentliginiň 9-njy maýda ýurduň armiýasynyň başlygynyň orunbasary general Ali Abdollaha salgylanyp beren maglumatyna görä, 2000 kilometr aralyga uçýan raketa mundan iki hepde ozal synagdan geçirilipdir.

Eýranyň soňky aýlarda geçiren raketa synaglary, Birleşen Ştatlar we Ýewropanyň käbir ýurtlary tarapyndan ýiti tankyt edildi.

Eýran bu synag raketalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň düzgünlerini bozmaýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG