Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katolik buthananyň wekili: "Günäni ýazgarmak gerek"


Azerbaýjanyň katolik ybadathanasynyň wekili Wladimir Fekete.
Azerbaýjanyň katolik ybadathanasynyň wekili Wladimir Fekete.

"Papa, günä indi "günä däl" diýmeýär".

Azerbaýjanyň katolik ybadathanasynyň wekili Wladimir Feketäniň pikiriçe, papanyň gomoseksuallar bilen baglanyşykly çykyşy buthananyň bar bolan ýörelgesi babatdaky garaýşyň üýtgändigini aňlatmaýar.

Rim papasy Fransisiň sentýabrda Bakuwa sapar gurnamagy göz öňünde tutulýar. Ol birnäçe hepde mundan owal Katolik buthanasyna, "jynsy ýagdaýyna garamazdan, her bir şahsyýete mynasyp hormatyň goýulmagyna" çagyrypdy.

Munuň bilen baglanyşykly Azerbaýjandaky buthanalar nähili pikirde? Golaýda iberen sowallarymyza Azerbaýjanyň Katolik buthanalarynyň wekili Wladimir Fekete şeýle jogap berdi:

“Papa Fransis, gomoseksuallara we aýrylyşanlara hormat goýulmagyny, olaryň ýazgarylmazlygyny teklip edýär.”

Sowal: ”Papa Fransis näme üçin şeýle reforma mätäç?”

Jogap: “Katolik buthananyň ýörelgelerinde medeni dünýä üçin örän wajyp aspektler bar. Buthana adamlary eden etmişlerine görä toparlara bölmezligi, olaryň günälerini derejelendirip, olary bu sebäpden ýazgarmazlygy ündeýär. Her bir adamy Alla ýaradypdyr. Şonuň üçinem hormata mynasypdyr. Günä hemişe, jemgyýete bolşy ýaly, adamyň şahsyýetine hem erbet zyýan ýetirýär. Şonuň üçinem günäni ýazgarmak gerekdir. Mundan başga käbir adamlar üçin gowy ýaly görünýän we ýazgarylmaýan günäler hem edil şonuň ýaly zyýanlydyr. Hut bu sebäpden her hili günäni ýazgarmak hökmanydyr. Eger papa öz teklibinde gomoseksuallary gynamaň we olary ala tutmaň diýýän bolsa, onda bu gönümel hut şeýle manyny berýär. Ýagny, bu buthananyň ýörelgesindäki gomoseksuallara bolan garaýşy üýtgediň diýmeýär. Bu pikire başgaça çemeleşmek nädogrudyr".

Sowal: ”Bu reformalar dini garaýyşda nämäni üýtgedip biler?”

Jogap: “Papa Fransisiň "reforma" diýip atlandyrylan tälimi we hereketleri, meniň pikrimçe, günäni dogry diýip görkezmeýär ýa-da ol günä indi "günä däl" diýlen manyda çemeleşmeýär. Muny başgaça ýormak nädogrudyr. Papa buthananyň ýörelgesini üýtgetmeýär.

Ol diňe biziň her bir adam bilen sarpaly we adamkärçilikli aragatnaşykda bolmaga ukyplydygymyzy bildirýär. Şol bir wagtyň özünde-de biziň bilen şol bir ahlak kadalaryna we dini ýörelgä eýermeýänlere, hatda buthananyň taglymatlaryna garşy bolanlara we günäli ýagdaýda ýaşaýanlara hem hoşniýetli çemeleşmegi ündeýär.

Papa hormat bilen dialogyň günäkärleri Alla hasam ysnyşdyrjakdygyna gaty gowy göz ýetirýär we munuň äsgermezçilikden, ýekirmekden we ýazgarmakdan has ýagşy netije berip biljekdigine düşünýär. Bularyň hemmesiniň maksady adamyň günäsini dogry diýip görkezmek däl, gaýta adama edýän günäsine doly düşünmäge we ondan el çekmäge kömek etmek.

Sowal: “Prawoslaw buthanasynda aýdylyşy ýaly, eger Isa gomoseksuallygy günä hasaplan bolsa, häzirki döwürde muňa eglişik etmek bolarmy?

Jogap: “Bagyşlaň weliň, prawoslaw buthanasyndan soralmaly sowala başga buthananyň wekilleri jogap berip bilmez.

"Döwrüň adamsy özüni "taňrylaşdyrypdyr"

Sowal: “Adam hukuklarynyň öňe saýlanmagy dini garaýyşlara ters gelip bilermi? Ýagny, adam hukuklary hemme zatdan ýokarda hasaplanyp bilermi?”

Jogap: “Adamyň mertebesi gaty belentde tutulan, Ol ylahy eserdir we hut Taňrynyň obrazy bilen ýaradylan. Şonuň üçinem onuň hukuklary we wezipeleri hem hut munuň bilen arabaglanyşyklydyr. Döwrebaplaşan adamyň problemasy şundan ybaratdyr, ýagny, ol Allany iňkär edýän günä ymtylýandyr we özüni "taňrylaşdyrýandyr".

Döwrebap adam özüni geljegiň ýeke-täk eýesi hökmünde kabul edip biljek derejede howply uçurymyň gyrasynda durandyr. Edil taryhda butparazlygyň dürli görnüşi bar bolan bolsa, häzirki döwürde hem döwrebaplaşan adam özüni we öz azatlygyny çokunulýan budda öwürmek howpuna ýakyn durýar. Şonuň üçinem ol jemgyýetdäki borjuny unudýar.

Käbir toparlaryň we raýatlaryň hak-hukuklaryna sarpa goýmaýar. Diňe özüniň şahsy "haklaryny" (bähbitlerini) göz öňünde tutýar. Gynansagam, häzirki döwürde kanun bir tarapa itilip, diňe öz bähbitleri üçin hereket etmek gylygy has ýaýbaňlanýar. Şonuň üçinem olaryň wagtyň geçmegi bilen ählumumy gymmatlyklary goraýan kanunlary hem ýok edip biljekdigi barasynda biygtyýar oýlanýarsyň.

Elbetde, bu dini garaýşa düýbünden gabat gelmeýär we hut adam öz-özüni howp astyna salýar. Bu problemanyň aňyrsynda adamynyň azatlygy meselesi ýatyr. Şuny ýatdan çykarmaly däldiris, ýagny biziň azatlygymyzyň çägi başga biriniň azatlygynyň başlanýan ýerinde gutarýandyr.

"Eger iki tarap hem nädogry hereket edýän bolsa..."

Sowal: “Gepiň gerdişine görä, ýogsa-da katolik buthanasy Daglyk Garabagda bolup geçýän ýagdaýlara nähili baha berýär?”

Jogap: “Jemgyýet üçin ynjyk ähli meselelere nähili çemeleşýän bolsa, muňa hem edil şeýle garaýar. Ilkinji nobatda buthana hemişe adalat prinsipine eýerilmegini çintgeýär. Çünki bu prinsipe görä, mülk ýa-da ýer onuň eýesine gaýtarylyp berilmeli. Şeýlelikde adalat öz ornuny eýelemelidir. Beýleki tarapdan, buthana hemişe bir adamyň ýa-da bir döwletiň öz "adalatynyň" gözleginde täze adalatsyzlyga we jenaýata sebäp boljak howp döredýändigine gowy düşünýär. Şonuň üçinem Buthana ähli düşünişmezlikleriň we oňşuksyzlyklaryň diňe parahatçylykly ýol bilen çözülmeginiň tarapdarydyr.”

Sowal: “Siziň pikriňizçe, Azerbaýjan Daglyk Garabag düşünişmezligini parahatçylykly ýol bilen çözmek üçin nähili ädimleri ätmeli?”

Jogap: “Eger iki tarap hem nädogry hereket edýän bolsa, onda düşünişmezligi parahatçylykly ýol bilen çözmek gaty kyndyr we hatda hiç hili mümkin däldir hem diýse bolar. Munuň hakykata öwrülmeginde iki tarapy hem diňlemäge taýýar araçylaryň, halkara guramalaryň, şol bir wagtyň özünde hem ylalaşyga gelmek taýýarlygynyň gaty möhüm roly bardyr.

XS
SM
MD
LG