Sepleriň elýeterliligi

WADA: Orsýete garşy täze aýyplamalar derňeler


Bütindünýä anti-doping agentligi (WADA) Soçide geçirilen olimpiýa oýunlarynda Orsýetiň dört gyzyl medal utan sportsmenleriniň "steroid" maddasyny ulanandygy baradaky täze aýyplamalary derňeýär.

Orsýete garşy gönükdirilen bu aýyplamalary Orsýetiň öňki anti-doping resmisi Witaliý Stepanow 8-nji maýda “CBS” telekanalynyň “60 minut” atly gepleşigine beren interwýusynda öňe sürdi.

Bütindünýä anti-doping agentliginiň (WADA) metbugat wekili Ben Nikolas 9-njy maýda “AP” habar agentligine beren maglumatynda, “CBS”-iň programmasynda “Orsýetiň sport pudagyndaky doping bilen baglanyşykly täze we örän biynjalyk ediji aýyplamalar öňe sürüldi. Biz bu aýyplamalary haýal-ýagallyk etmän derňäris” diýdi.

2014-nji ýylda Soçide geçirilen olimpiýa oýunlarynda Orsýetiň sportsmenleri 13 sany gyzyl medal utupdy.

XS
SM
MD
LG