Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti Täjigistana sapar edýär


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani.

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani iki günlük resmi sapar bilen 10-njy maýda Täjigistana bardy. Onuň bu saparynyň dowamynda “CASA-1000” atly elektrik proýektiniň açylyş dabarasynyň bolmagyna garaşylýar.

11-nji maýda Duşenbede Owganystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň resmileriniň gatnaşmagynda gurluşygy 1,17 milliard amerikan dollaryna barabar bolan “CASA-1000” elektrik proýektiniň açylmagy planlaşdyrylýar.

Owganystanyň prezidentiniň edarasynyň ýaýradan beýanatynda Ganiniň täjik prezidenti Emomali Rahmon we beýleki ýokary derejeli resmiler bilen duşuşyp, iki goňşy ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahat etjekdigi mälim edildi.

Şeýle-de, täjik we owgan liderleriniň birnäçe, şol sanda söwda ylalaşyklaryna gol goýmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG