Sepleriň elýeterliligi

‘Panama kagyzlarynyň’ maglumatlar bazasy onlaýn çap edildi


Derňewçi žurnalistler baý syýasatçylaryň we sungat işgärleriniň ofşor emläklerini onlaýn açyp görkezýän täze maglumatlary çap etdiler.

Derňewçi žurnalistleriň halkara konsorsiumynyň 200,000-den gowrak Panama kompaniýasyny öz içine alýan maglumatlar bazasy 9-njy maýdan başlap, offshoreleaks.icij.org websaýtynda hemmelere elýeterli edildi.

Bu ýerde Panamanyň ofşor kompaniýalary döretmekde ýöriteleşen “Mossack Fonseca” atly hukuk firmasyndan syzan dokumentleriň millionlarçasynyň üsti açylýar.

Gürrüňi edilýän konsorsium “Panama kagyzlaryna” esaslanyp, eýýäm dünýäniň dürli künjegindäki gazetlerde we websaýtlarda birnäçe maglumatlary ýaýratdy.

Websaýtda, şol ýaýradylan maglumatlarda agzalýan ýüzlerçe syýasatçynyň, resmileriň, sungat işgärleriniň we sport ýyldyzlarynyň gizlin baýlyklary barada jikme-jik durlup geçilýär

XS
SM
MD
LG