Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Eýran: Çäreleriň geçirilişindäki tapawutlyklar näme?


Türkmen talyplary.
Türkmen talyplary.

Türkmenistan köpçülikleýin çärelere baý ýurt, hatda käbir aýlarda her güne bir çäre düşýär. Hökümet tarapyndan guramalaşdyrylýan şol çärelere müňläp adamlar gatnaşdyrylýar, olaryň aglabasy bolsa hökümet işgärleri we talyplar.

Eýse, türkmen çäreleriniň geçirlişi beýleki ýurtlardakydan nähili tapawutlanýar? Dünýä Türkmenleri atly hepdelik gepleşigimiziň nobatdaky sanynda çäreleriň geçirlişi babatynda Türkmenistan bilen goňşy Eýrandaky etniki türkmenleri deňeşdirmekçi.

Mälim bolşy ýaly, häzirki gün Eýrandaky etniki türkmenler milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň günlerini bellemäge taýýarlanýarlar, we bu baýram onuň dogduk mekanynda has uludan bellenilýär.

Eger siz hem öz ýaşaýan ýurduňyzda çäreleriň geçirlişi hem-de olary Türkmenistandakylar bilen deňeşdireniňizde gözüňize ilýän aýratynlyklary barada gürrüň bermekçi bolsaňyz biziň bilen habarlaşyň.

Habarlaşmak üçin hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com elektronik poçta salgylaryndan peýdalanyp bilersiňiz. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky foruma galdyryp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG