Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Dostum demirgazykda ýene harby operasiýalar geçirýär


Owganystanyň wise-prezidenti general Raşit Dostum

Owganystanyň wise-prezidenti general Raşit Dostum

Owganystanyň wise-prezidenti general Raşit Dostum ýurduň demirgazygyndaky Jowuzjan we Seripul welaýatlarynda söweşijilere garşy ýene harby operasiýalar geçirýär.

Soňky birnäçe aýyň dowamynda Dostum demirgazyk Owganystana ençeme gezek sapar etdi. Ol her gezek öz saparynyň dowamynda harby operasiýalary geçirýär. Ol yzyna Kabula dolanandan soň bolsa, onuň söweşijilerden arassalan territoriýalary ýene jeňçileriň gözegçiligine geçýär.

Emma owgan resmisi bu gezekki harby operasiaýlaryň netije berjekdigini aýdýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady jikme-jik maglumat taýýarlady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG