Sepleriň elýeterliligi

Gunduz keselhanasy "aljyraňňylyk sebäpli bombalanypdyr"


Owganystanyň Gunduz welaýatynda "Serhetsiz Lukmanlar" toparynyň işlän keselhanasy bombalandy. Oktýabr, 2015 ý.

Owganystanyň Gunduz welaýatynda "Serhetsiz Lukmanlar" toparynyň işlän keselhanasy bombalandy. Oktýabr, 2015 ý.

Öten güýz Owganystanyň Gunduz şäherinde bolan güýçli söweşlere goşulan amerikan ýaragly güýçleriniň bir keselhanany ýalňyşlyk bilen bombalamagy ol ýerde dörän garjaşyklyk we aljyraňňylyk netijesinde bolupdyr.

Pentagonyň 9-njy maýda çykaran hasabatynda bellenmegine görä, söweşiň öňdäki hatarynda owgan güýçlerine maslahatçy bolmak tabşyrygy berlen amerikan esgerleri duşman tarapyndan bolan ok atyşykda gabawa düşüp, söweşe çekilendiklerini aýdýarlar.

Sentýabr aýynyň aýaklarynda Gunduzy gysga wagtlap, "Talyban" güýçleri eýelediler. Birleşen Ştatlaryň "Green beret" atly ýörite operasiýalar toparyna degişli esgerleriň hem beýlekileriň beren görkezmelerinde aljyraňňylyga düşen owgan güýçleriniň olary söweşde özlerine kömek etmäge mejbur edendigi aýdylýar.

700 sahypalyk raportda ant içip, görkezme beren bir esger: "Ussatlyk we koordinasiýa talabynyň derejesi şeýle bir uludy welin, bu biziň ozal ýüzbe-ýüz bolan zadymyz däldi" diýýär.

"Ençeme ýurtdan bu söweşe goşulan adamlar hakda köpsanly maglumat bardy. Şäheri gaýtaryp almaga synanyşanymyzda bize onlarça, on müňlerçe gezek ok atyldy. Hiçi bir adamyň ölmän ýa ýaralanman galmagy hut bir gudrat" diýip, bu esger gürrüň berýär.

Ol amerikan güýçleriniň Owganystanda "strategiýasynyň bolmandygyny" tankytlap, ýagdaýyň bulam-bujarlyga öwrülmegine ýol açan şol diýýär.

Ýörite güýçleriň ýene bir söweşijisi öwran-öwran sorasa-da, özüniň öz ýolbaşçylaryndan owganlara näderejede kömek etmelidigi barada hiç bir jogap alyp bilmändigini aýdýar.

"Näderejede gitmek isleýärsiňiz?" diýmek - bu "siz biziň näderejede gitmegimizi isleýärsiňiz?" diýlen soraga degerli jogap bolup bilmeýär diýip, bu esger özünden sorag edilende, degişli görkezme beripdir. Ol şeýle-de: "Bu strategiýa däl, aslynda şular ýaly kinematik ýagdaý - betbagtçylyga tarap barýan ýol" diýip, netije çykarypdyr.

Geçen ýylyň 3-nji oktýabrynda "Serhetsiz Lukmanlar" toparynyň Gunduzdaky keselhanasynyň bombalanmagyny amerikan esgerleriň hiç biri harby tertibiň bozulmagynyň netijesinde dörän pajyga diýip çaklamaýar.

Pentagon öňki raportlarynda 42 sany medisina işgäriniň we näsagyň ölümine getiren bu pajyganyň aldym-berdimli söweşde bolan ýalňyşlyklaryň netijesidigini ýüze çykardy.

Pentagon bu hadysa sebäpli 16 esgeri we ofiseri tertip-düzgün boýunça jezalandyrsa-da, keselhana bilkastdan bombalanmandyr, şol sebäpden bu harby jenaýat däl diýlen netijä gelnipdir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG