Sepleriň elýeterliligi

Daşary ýurt çilimkeşiň Türkmenistandaky tejribeleri


Aşgabadyň köçeleriniň birinde çilim çekýän ýaşaýjy.

Aşgabadyň köçeleriniň birinde çilim çekýän ýaşaýjy.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda temmäki önümleri bilen bagly ençeme gadagançylyklar girizildi. Şol gadagançylyklaryň iň soňkusy şu ýylyň mart aýynda kabul edilip, onda Türkmenistanyň prezidentiniň ýörite karary bilen temmäki önümlerini ýurda getirmegiň we olara nyrh kesmegiň, satmagyň ähli ygtyýary ýurduň Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrligine berildi.

Şeýle-de, ýurtda köpçülikleýin ýerlerde çilim çekmek eýýäm iki ýyla golaý wagt bäri gadagan edilýär. Şol bir wagtda-da, raýatlaryň çilim çekmegi üçin niýetlenen ýörite giňişlikleriň hem döredilmeýändigi aýdylýar.

Eýse, daşary ýurtlardan Türkmenistana sapar edýän adamlar ýurtdaky çilim gadagançylyklary bilen bagly nähili tejribeleri başdan geçirýärler?

Azatlyk Radiosynyň Türkiýedäki habarçysy Döwlet Baýhan bu sorag bilen gyzyklanyp, Türkmenistanda çilim çekmek, ony satyn almak tejribeleri barada türkiýeli ýük ulag sürüjisi Myrat bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG