Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň yslamçylary: Drama (1-nji bölüm)


Şol döwür Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan (sagda) Abdullah Gülüň prezidentlige dalaş etjekdigini aýdýar. 24-nji aprel, 2007-nji ý. Ankara

Şol döwür Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýýyp Erdogan (sagda) Abdullah Gülüň prezidentlige dalaş etjekdigini aýdýar. 24-nji aprel, 2007-nji ý. Ankara

Olaryň dramasy-da, ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan durýan beýleki ýurtlaryň köpüsinde bolşy ýaly, 20-nji asyra girilende başlandy. Ýöne öňki Osman imperiýasyndaky, aýratyn-da 1923-nji ýyldan bäri Türkiýe Respublikasyndaky yslamçylar häzirki Erdoganyň režimine çenli derejä gelip ýetmek üçin özboluşly ýol geçdiler.

Iň soňky yslam imperiýasy bolan Osman imperiýasynda soltan - hem patyşa, hem şol bir wagtda döwlet halyfydy. Bu imperiýa ýuwaş-ýuwaşdan çöküp, günbatar döwletleriniň güýjüniň artmagy netijesinde imperiýanyň öz giň topraklaryny elden gidermegi bu ýurda agyr urgy bolup degdi. Täze Türkiýe özüniň 17-nji asyrdan öňki ululygynyň altydan biri bolup galdy ýa-da hatda ondanam kiçeldi.

Ýeke bu däl. Täze sistema, ýagny Günbatardan nusga alnyp gurlan respublika, soltanlyk bilen halyflygyň soňuna çykyp, respublikan döwlet gurluşyny yglan etdi. Bu gurluşda bolsa döwlet bilen din diňe bir biri-birinden aýrylmak bilen oňman, din döwlete berk eýermeli edildi.

Arap-pars elipbiýi üýtgedilip, latyna geçildi. Egin-eşik ýewropalaşdyryldy. Penşenbe we annanyň ýerine hepde soňy şenbe bilen ýekşenbe boldy. Medreseleriň we dini sapaklaryň döwletiň kontrollygyndan daşarda bolmagy gadagan edildi. Mugallymçylygy dowam etdirmek isleýän şyhlar we mollalar döwlete hasabat berýän döwlet işgärleri boldular. Aýallar yslam egin-eşigini taşlap, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga çagyryldy. Dini sektalaryň we toparlaryň, şeýle hem metjitleriň köpüsi ýa ýapyldy ýa-da işsiz galdy.

Täze režim täze okuw sistemaly, taryha täzeçe garaýan işewür adamlardan, býurokratlardan we harbylardan düzülen täze "sekulýar" elita döredip, özüne dünýä jemgyýetçiliginde Günbatara ýakynrak, yslam dünýäsinden uzagrak täze orun agtardy.

Däp boýunça oba ýerlerinde ýaşaýan dindar musulmanlar, aýratyn-da esasy şäherler Stambulda, Ankarada we Izmirde "ak türkler" diýlip atlandyrylýan täze elita tarapyndan 80 ýyla golaý kemsidilip, üzňelige, garyplyga itildi.

Olar äsgermezlik edilip, näçe çetleşdirilse, şonça syýasylaşdylar.

Olaryň arzuwlary bardy. Olaryň arzuwy demokratiýadan peýdalanyp, häkimiýet başyna gelmek, musulman dindarlaryň ýekirilmeginiň, mekdeplerden, ýokary okuw jaýlaryndan kowulman, öz dini ynanjyna görä, hyjaply gezýän aýallaryň we sakgal goýberip, iş wagtynda namaz okaýan adamlaryň ala tutulmagynyň soňuna çykmakdy.

Olar parahatçylygy hem-de dini ynançlaryna garamazdan, ýurtda hemmeleriň deň mümkinçilige eýe bolmagyny isleýändiklerini aýdyp, mekdepler açdylar, fondlar gurdular. Gitdigiçe özlerine goşuna, magaryfa we adalat ulgamyna tarap ýol açdylar, özleriniň dini ynanjy we planlary hakda hem köp gürrüň etmediler. Olar öz telekanallaryny açdylar, gazet-žurnallary neşir etdiler. Olaryň guran syýasy partiýalary ýapylyp, gadagan edildi. Gazet-žurnallar bilen telekanallary-da ýapylyp, gadagan edildi.

Ýöne olar gaty köp zähmet çekip, öz işlerini dowam etdirdiler.

Adamlar olaryň ilkinji saýlanan ýeri bolan şäher häkimliklerinde, gurup, ýolbaşçylyk eden mekdeplerinde eden işleriniň netijelerine begenip, bu işlere ýokary baha berdiler.

"Sekulýar" sistema olaryň ösmeginiň öňüni näçe alsa, olar şonça güýçli ösdüler.

Aslynda sosial-demokratlaryň sol ganatyndan we atatürkçülerden başlap, "ak türklere", sekulýar alewilere we kürtlere, liberal we respublikançy žurnalistlere hem-de kazylara çenli, yslam zolagyna girmeýän köp adamlar, olary goldadylar.

Şeýlelikde 2001-nji ýylda "Adalat we Galkynyş" partiýasy dünýä indi.

Ondan edil bir ýyl soň, ýagny 2002-nji ýylda bu partiýa erkin, adalatly saýlawda, geçmişde "meýilsizlerden" düzülen güýçsüz ýaranlyklary döreden saýlawlaryň tersine, ýeke özi häkimiýet başyna geldi.

Deslapky ýyllarda işler päsgelçiliksiz gitdi. Hemmeler begenişip, geçmiş arka atyldy diýip pikir etdiler. Olar indi Türkiýe bütewi bolup, hemmeleri öz içine alar, has pluralistik sistema bolup, Ýewropa has köp meňzäp ugrar diýip çakladylar.

Hatda dünýewiçilige ýykgyn edýänler-de bu adamlardan ýalňyşyp gorkupdyrys diýen netijä geldiler.

"Adalat we Galkynyş" partiýasynyň gowy işleri, reformalar, durnuklylyk çäreleri we ykdysadyýetiň gowulanmagy Günbatary täze pluralistik "musulman konserwatiw" Türkiýäni gowy garşylamaga höweslendirdi.

Olaryň ilatyň aglaba köplügi tarapyndan saýlanmagy hem dowam etdi.

Ýöne basym ýagdaý üýtgäp ugrady.

Bu raportyň ikinji bölümi: Yslamçy bolsun ýa-da ýok, güýç-gudrat seni korrumpirleýär

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG