Sepleriň elýeterliligi

Syýasy sebäpler üçin ýanalýan ýazyjy


Ahmed Naji

Ahmed Naji

120-den gowrak döredijilik wekili Müsüriň prezidentini ýazyjy we žurnalist Ahmed Najini azat etmäge çagyrdy, ol 'jynsy gatnaşyklary açyp görkezýän roman ýazandygy üçin' türmä basyldy.

Müsüriň prezidenti Abdel Fatah al-Sisä ýazylan hatyň aşagyna gol çeken tanymal döredijilik wekilleriniň arasynda Filip Ros, Çimamanda Ngozi Adiçi we Deýw Eggers ýaly meşhur ýazyjylar, aýdymçy we aýdym sözlerini ýazýan Patti Smis, kinorežissýor Wudi Allen, kompozitor Stiwen Sondheim dagy hem bar.

"PEN America" söz azatlygy guramasynyň adyndan iberilen hatda Müsüriň medeni şahslaryna we guramalaryna garşy görülýän ýowuz çäreleriň bes edilmegine çagyrylýar.

Hususan-da bu hat prezident Sisini Najä bildirilen aýyplamalary ýatyrmaga, ýurduň döredijilik adamlarynyň edebi azatlygynyň kanun goragyny üpjün etmek üçin, Müsüriň Jenaýat kodeksiniň 178-nji maddasyny üýtgetmäge çagyrýar. Naji şol kanun maddasy esasynda fewral aýynda iki ýyl azatlykdan mahrum edildi.

30 ýaşyndaky ýazyjy ýurduň bir raýatynyň ýazan hususy şikaýaty esasynda ýazgaryldy. Şikaýatçy onuň romanynyň döwlet neşirinde çap edilen böleklerini okap, ol ýerde jynsy gatnaşyklaryň açyk beýan edilýändiginden nägile bolupdyr, ýagny bu ýagdaý onuň ýüreginiň urmasyny çaltlaşdyryp, ejir çekmegine sebäp bolupdyr.

Prezident al-Sisä ýazylan hat Müsürde sungatyň we medianyň garşysyna görülýän çäreleriň çäginde ýene iki žurnalistiň tussag edilmeginiň bir hepde soňuna gabat geldi.

Geçen ýyl Müsürde azyndan 23 žurnalist tussag edildi. Žurnalistleri goraýan komitetiň maglumatyna görä, Müsür indi žurnalistleri tussag etmekde Hytaýdan soň ikinji ýerde durýar.

Bu ýurtda ýazyjylary tussag etmegiň 2014-nji ýyldan bäri iki esse köpelendigi aýdylýar.

Müsür häkimiýetleri geçen ýyl medeniýet merkezlerini hem ýapdylar, Kairiň iň tanymal häzirki zaman sungat galereýasyna reýd geçirip, onuň käbir böleklerini ýumurdylar we birnäçe hudožnigi, şol sanda kinoçy Rana El-Sobkini we şahyr Fatima Nauty tussag etdiler.

Jynsy gatnaşyk barada ýazany üçin iki ýyl iş kesilen Ahmed Najiniň Müsürdäki tarapdarlary onuň syýasy sebäpler esasynda ýanalýandygyny, sebäbi Sisiniň režimi astynda dowam edýän resmi korrupsiýany tankyt edendigini aýdýarlar.

Naji 16-njy maýda, Amerikan Galamdaşlar guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ýyllyk dabarasynda gaýybana Ýazmak azatlygy baýragy bilen sylaglanar.

XS
SM
MD
LG