Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Ulagly bomba hüjüminde 11 adam öldi


Owganystanda amala aşyrylan ulagly bomba hüjümleriniň biri.

Owganystanda amala aşyrylan ulagly bomba hüjümleriniň biri.

Owganystanyň günortasyna edilen ulagly bomba hüjüminde 11 adam öldi we başga-da ençemesi ýaralandy.

Nangarhar welaýat häkimliginiň 10-njy maýda ýaýradan beýanatynda, söweşijiniň Nazýan etrabyndaky hökümete tarapdar tire-taýpa lideri Malik Dehkanyň öýüniň golaýynda ulagly bombany partladandygy habar berilýär.

Şeýle-de, beýanatda wakada 23 adamyň ýaralanandygy, olaryň arasynda “Talybana” garşy ýaragly topara ýolbaşçylyk edýän Dehkanyň hem bardygy aýdylýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

XS
SM
MD
LG