Sepleriň elýeterliligi

Golland žurnalistini Türkiýeden goýberildi


Golland žurnalisti Ebru Umar.

Golland žurnalisti Ebru Umar.

Türkiýede gysga wagtlaýyn tussag edilen golland žurnalistiniň Niderlandlara dolanmagyna rugsat berildi. Ebru Umar Türkiýede prezidenti kemsitmek diýlip hasaplanan twiti (Twitterde çap eden maglumaty) ýazmakda gysga wagtlaýyn tussag edilip, onuň bu iş boýunça derňewler dowam edýän döwri ýurtdan çykmagy gadagan edilipdi.

Golland daşary işler ministri Bert Koenders özüniň 10-njy maýda beren beýanatynda žurnalist Ebru Umaryň Türkiýäni terk edendigini aýtdy. Şeýle-de, Koenders goland-türk goşa raýatlygyna eýe Umaryň ýurda dolanmagy “ajaýyp habar” diýdi.

Umar özüniň geçen aý Türkiýäniň günbataryndaky Kuşadasy sebitinde tussag edilendigini we 16 sagat soraga çekilenden soň goýberilendigini, emma onuň ýurtdan çykmagyna rugsat berilmeýändigini aýdypdy.

Adam hukuklaryny we media azatlygyny gorap çykyş edýän toparlar Türkiýede media azatlygyny yzygiderli tankyt edýärler.

XS
SM
MD
LG