Sepleriň elýeterliligi

Azerbaýjan LGBTI-niň ýaşamagy üçin iň ýaramaz ýer


"The ILGA-Europe Rainbow Index"-niň hasabaty.

"The ILGA-Europe Rainbow Index"-niň hasabaty.

Azerbaýjan Ýewropada lezbian, geý, biseksual, transgender we interseksual (LGBTI) raýatlarynyň ýaşamagy üçin iň ýaramaz ýer diýlip hasaplanylýar. Tanymal hukuk goraýjy toparyň kanuny deňlik baradaky kriteriýlerine Azerbaýjanyň kanunlarynyň diňe bäş göterimi gabat gelýär.

10-njy maýda ýaýradylan “The ILGA-Europe Rainbow Index”-nde LGBTI jemgyýetine täsir ýetirýän kanunlara, syýasata we olaryň amala aşyrylyşyna laýyklykda, Ýewropanyň 49 ýurduna baha berilýär.

Bu hasabatdaky iň pes üç görkezijä öňki sowet ýurtlary – Ermenistan, Russiýa we Azerbaýjan eýe boldy. Indeksiň iň ýokardaky derejelerinde Malta, Belgiýa we Beýik Britaniýa ýerleşdirilipdir.

2016-njy ýyl boýunça çap edilen hasabatda, Azerbaýjanda gomoseksuallygyň kanunalaýykdygyna garamazdan, ýurduň LGBTI jemgyýetini ýigrenç jenaýatlaryndan we diskriminasiýalardan goramakda şowsuz bolýandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG