Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Bomba hüjüminde 29 adam öldi


Yrakda bolan ulagly bomba partlamlarynyň biri.

Yrakda bolan ulagly bomba partlamlarynyň biri.

Yragyň resmileri ýurduň şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitinde bolan güýçli bomba partlamasynda ölenleriň sanynyň 29-a ýetendigini aýdýarler.

Bu partlama Bagdadyň gündogaryndaky Sadr etrabynyň açyk meýdandaky bazarynda boldy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremist topar öz üstüne aldy.

Yragyň polisiýasy ölenleriň sanynyň mundan hem artmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, alada edýär.

Bu wakanyň netijesinde golaý-goltumdaky birnäçe ulaga we bina agyr zeper ýetdi.

Yragyň demirgazygynda we günbatarynda giň territoriýalara kontrollyk edýän sünni ekstremist topar, şaýy musulmanlarynyň agdyklyk edýän sebitlerini ýygy-ýygydan nyşana alýar.

XS
SM
MD
LG