Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň öňki premýer-ministriniň ogly öýüne bardy


Ali Haýdar Gilani

Ali Haýdar Gilani

Owganystanda geçirilen harby operasiýalarda halas edilen Pakistanyň öňki premýer-ministriniň ogly öýüne gaýtmazdan ozal, Kabulda Pakistanyň resmilerine gowşuryldy.

Pakistanyň öňki premýer-ministri Ýusuf Raza Gilaniniň ogly Ali Haýdar Gilani 10-njy maýda Owganystanyň we Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň geçiren bilelikdäki harby operasiýalarynda halas edilipdi.

“Men owgan hökümetiniň we owgan güýçleriniň başga bir ýurtly biri üçin şeýle tagalla etmeklerine uly ähmiýet berýärin. Bu owgan hökümetiniň regiona parahatçylygy ornaşdyrmak tagallalaryny görkezýär” diýip, Gilani Kabuldan Pakistana uçmazdan ozal, žurnalistlere beren gysga beýanatynda aýtdy.

Ali Haýdar Gilani 2013-nji ýylyň 9-njy maýynda “Talyban” söweşijileri diýlip güman edilýän adamlar tarapyndan alnyp gaçylypdy.

XS
SM
MD
LG