Sepleriň elýeterliligi

2015 ýyl: 40,8 million adam öz öýünden göçdi


Siriýaly bosgunlar.

Siriýaly bosgunlar.

Geçen ýyl uruş we konflikt zerarly öz ýaşaýan ýurtlaryndan göçmäge mejbur bolan adamlaryň sany rekord derejesinde artyp, 40,8 million adama barabar boldy diýlip, 10-njy maýda çap edilen hasabatda aýdylýar.

“Bu san şu güne çenli hasaba alnan iň ýokary görkeziji bolup, bu dünýädäki bosgunlaryň sanynyň öňküsinden iki esse artandygyny aňladýar” diýip, Norwegiýanyň Bosgunlar geňeşiniň başlygy we hasabatyň awtorlarynyň biri Jan Egeland belleýär. Bu hasabat düýbi Ženewada ýerleşýän Içki bosgunlyga gözegçilik edýän merkez bilen bilelikde taýýarlandy.

2015-nji ýylda öz öýünden göçmäge mejbur edilen 8,6 million, şol sanda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada 4,8 million adam hasaba alyndy.

Şeýle-de, hasabatda geçen ýyl heläkçilikler ýa-da konflikt zerarly 19,2 million adamyň ýurt içindäki bosgunlyga sezewar bolandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG