Sepleriň elýeterliligi

Kerri: ABŞ-ny bahana edinmeli däl


 Jon Kerri, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary

Jon Kerri, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri 12-nji maýda, eger olar Eýran bilen biznes etseler, ABŞ-nyň öňlerinde durmajagyna ynandyrmak üçin, Londondaky esasy bankirler bilen duşuşar.

Ol käbir bankirleriň Tährana garşy saklanyp galan amerikan sanksiýalaryny «bahana» edinip, Eýran bilen biznes etmeýändigini, ýogsam bolmanda dünýä döwletleriniň Tähran bilen baglaşylan ýadra ylalaşygyndan soň global sanksiýalaryň aglabasynyň aýrylandygyny we olaryň biznes edip biljekdigini belledi.

"Biz käte bu prosesde bahana duwlanýarys» diýip, Kerri 10-njy maýda Londona gelenden soň aýtdy. "Işewür adamlar biznes etmek islemeýän bolsa, ýa-da gowy biznes ylalaşygyny görmese, Birleşen Ştatlary bahana edinmeli däl... Bu adalatly däl, bu dürs iş däl.»

Bu duşuşyga Britaniýanyň esasy banklarynyň, şol sanda Barclays, HSBC we Standard Chartered banklarynyň, şeýle-de beýleki Ýewropa banklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Kerri banklar diňe Birleşen Ştatlaryň nyşana almagy dowam etdirýän eýranly biznesmenleri, ýagny Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy bilen ilteşikli kampaniýalar bilen biznes etmekden gaça dursalar gowy boljagyny nygtady.

"Açyk-aýdyňlygyň bolmagy möhüm we aýdyňlyk şundan ybarat, ýewropa banklary, eger anyk belgilenen kärhana bolmasa, Eýran üçin hasap açmakda, söwda etmekde, pul çalyşmakda, kanuny biznes şertnamalaryny baglaşmakda, maliýeleşdirmekde, pul karz bermekde doly azat, bularyň hemmesi doly açyk» diýip, Kerri aýtdy.

Kerriniň we Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli resmileriniň gaýta-gaýta ynandyrmasyna garamazdan, «Roýters» habar gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, ABŞ banklary we bazarlary bilen giň gatnaşygy bolan uly ýewropa banklarynyň hiç biri, sanksiýalara duçar bolmakdan howatyr edip, Eýran bilen baş goşmak islemeýärler.

Olar öz ýewropa bölümleriniň ABŞ bölümleri bilen köp sanly özara baglanyşygynyň bardygyny aýdýarlar we şeýle ýagdaýda, ABŞ maliýe sistemasy arkaly, Eýrana pul geçirmegi ABŞ gadaganlygyny azyndan tehniki taýdan bozman amala aşyryp bolmajagyndan howatyr edýärler.

Ýewropanyň uly banklarynyň biri bolan BNP Paribasa 2014-nji ýylda, eýranly müşderä şunuň ýaly pul geçirmek prosesi bilen baglylykda, 9 milliard dollar jerime salyndy. Bu uly jerime ýewropa banklarynda uly täsir galdyrdy.

Mundanam başga, Obama adminstrasiýasy ABŞ-nyň daşyndaky banklaryň Eýran bilen biznes edip biljegine berk ynanýan hem bolsa, banklar ýanwarda işe başlajak indiki prezidentiň bu pozisiýada durmazlygyndan howatyr edýärler.

Respublikanlaryň öňdebaryjy kandidaty Donald Tramp we respublikan kongres liderleriniň ählisi Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyna garşy boldy. Şeýle-de olar Birleşen Ştatlaryň galan sanksiýalaryň ählisinde berk durmalydygyny duýdurdy.

Ýewropa banklarynyň işi synap görmek babatdaky göwünsizlikleri bilen bir hatarda, Eýranyň hökümeti hem ýadro ylalaşygyndan garaşan ykdysady bähbitleriniň doly hözirini görmeýändigini aýdyp, nägile bolýar.

Ýokary lider, Eýranda iň güýçli şahs bolan aýatolla Ali Hameneýi bu gijikmelerde göni Birleşen Ştatlary günäkärleýär.

"Birleşen Ştatlaryň Gaznasy... uly korporasiýalar, uly guramalar we uly banklar gelip, Eýran bilen iş salyşmaga karar edip bilmez ýaly usullara ýüz urýar» diýip, Hameneýi mart aýynda aýtdy.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG