Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbekler çagalarynyň şu tomus näme etmejegini bilýärler


Özbek çagalary.
Özbek çagalary.

Tomus mekdepler ýapylyp, çagalar boş bolsalar-da, olara suwda ýüzmek, bazarlarda aýlaň-çaýlaň etmek, ýerli metjitlerde namaz okamak ýok.

Özbegistanyň Andijon şäherinden Azatlyk Radiosyna gowşan bir hatda aýdylyşyna görä, şular we şular ýaly güýmenmek üçin edilýän beýleki işler häkimýetler tarapyndan resmi taýdan gadagan edilipdir.

Bu gadagançylyk Özbegistanyň beýleki şäherlerini hem öz içine alarmy, ol belli däl. Ýöne hatdan belli bolşuça, andijonly ene-atalaryň näme zatlaryň gadagandygyny bilmegine we çaglarynyň bu işlere baş goşmajakdygyna kepil geçmegine garaşylýar.

Gadagançylyk sanawynyň iň başynda mejitde namaz okamazlyk durýar. Bu çemeleşiş özbegistanlylara ozaldan tanyş. Häkimiýetler yslamyň ekstrim formalarynyň täsirini böwetlemek üçin çagalaryň juma namazyna ýa dini baýramçylyklarda bolýan beýleki işjeňliklere gatnaşmagyny ozal hem gadagan etdiler.

Agşam sagat altydan beýläk öýde bolmak

Çagalara "dürli dini hereketlere" goşulmak we "bikanun mekdeplere" gatnamak hem gadagan. Bikanun mekdepler diýlip, gizlin işleýän medreselere aýdylýar.

Kepilnamada ene-atalardan çagalarynyň bazarlarda işlemegine ýa olaryň el arabajygy bilen zat satmagyna ýol bermezlik-de talap edilýär.

Çagalara benzin satyp, awto ulag ýuwup ýa köçelerden gedaýlyk edip pul gazanmak hem gadagan.

Hatda: "Men çagamyň ahlak-moral ýörelgesini ýerine ýetirjegine kepil geçýärin" diýilýär.

Sanawda çaganyň agşam sagat altydan beýläk öýde bolmagy talap edilýär. Ýöne olara gündizine hem güýmenere köp mümkinçilik berlenok.

Olara "köçelerde gezmäge" dükanlara baryp, internet ulanmaga ýa wideo oýunlaryny oýnamaga rugsat ýok.

Saglyk we howpsuzlyk usullary

Hatda saglyk we howpsuzlyk usullary hem nygtalýar. Mysal üçin, çagalaryň ýol düzgünlerini ýerine ýetirmelidigi, pyçak ýaly ýiti zatlary ýanynda götermeli däldigi şeýle-de "zyýanly maddalary sarp etmeli däldigi" ene-atalara ýatladylýar.

Bir andijonly öý hojalykçy aýal ady tutulmazlyk şerti bilen bu hatyň suratyny Azatlyk Radiosyna gowşurdy.

Ol: "Men öten hepde bir mugallymyň öýümize getiren hatyna gol çekdim. Maý aýynyň aýagyna çenli ýene iki hata gol çekmeli" diýip, 9-nji maýda aýtdy. Ýöne ol özüniň bu çäräni goldaýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Zenan: "Mugallymlar öz etmeli işlerini edýärler. Olara-da aňsat däl" diýýär. Bu enäniň aýtmagyna görä, hat 10 ýaş bilen 15 ýaşyň arasyndaky çagalar üçin niýetlenen

Mekdep administrasiýasy hatyň Magaryf kanunynyň 30-njy maddasyna esaslanýandygyny aýdýar. Bu madda boýunça kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaga olaryň ene-atalary we hossarlary jogapkär.

Hatda gol goýulmaly ýeriň üstünde şeýle diýilýär: "Eger agzalýan talaplary ýerine ýetirmesem, onda kanuny jogapkärçiligi kabul edýärin. Talaplara garşy çykamok".

XS
SM
MD
LG