Sepleriň elýeterliligi

Moskwada oturan ýolbaşçylaryň arasynda, Magtymgulynyň beýikligini ilkinji ykrar eden, rus ýazyjysy A. A.Fadeýew bolupdyr. Beýik şahyryň ýatlanylýan günlerinde, A. Fadeýewiň aradan çykanyna 60 ýyl doldy. Ol Staliniň syýasatyny goldany üçin, öz wyždanyna ok bilen jogap berdi.

Sebäpler

Onuň ýaşan jaýyna men tötänden bardym. 1991-nji ýylyň fewralynda, Moskwanyň etegindäki Döredijilik öýünde işleýärdim. Bu ýerde şahyr Amandurdy Annadurdy hem bar ekeni.

Seýitnazar Seýdini rus diline terjime eden Tatýana Streşnewa bir gezek Döredijilik öýüne geldi. Tanyşlykdan soň, ol bizi çaýa çagyrdy.

Demir ýol duralgasy tarapdan gaýdanyňda, ýoluň çep ýüzi ýazyjylaryň umumy daçasy bolup, sag ýüzde bir bölejik daçalyk bar. B. Pasternagyň, Ws. Iwanowyň, A. Woznesenskiniň daçalary şol ýerde diýýärdiler. Olaryň birinde Tatýana Walerýewna ýaşaýan ekeni.

“Ýaş gwardiýa” romanynyň ilkinji neşiri.

“Ýaş gwardiýa” romanynyň ilkinji neşiri.

Daça kiçeňräk bolsa-da, örän amatlydy. Ony synlap otyrkam, Aleksandr Fadeýew ýadyma düşdi. Biziň dostumyz, şahyr hem terjimeçi Mihail Sinelnikowyň aýtmagyna görä, şu töwerekde A. Fadeýewiň daçasy-da bolmaly. Ýazyjynyň ,,Ýaş gwardiýa” romanyny tolgunma bilen okapdym. Ony belli terjimeçi Bäşim Ata türkmen diline geçiripdi.

– Şu töwerekde Fadeýewiň daçasy-da bolsa gerek? – diýip, Tatýana Walerýewnadan soradym.

– Ine, şu Fadeýewiň ýaşan daçasy. Seniň oturan diwanyň üsrtünde, ol özüni atyp öldüripdir.

Magtymgula düşünen

Nusgawy türkmen edebiýatyna, aslynda tutuş Gündogar edebiýatyna ýakyndan beletleriň biri M. Sinelnikow şeýle gürrüň beripdi.

Magtymgulyny birnäçe adam, esasan-da belli rus şahyry Arseniý Tarkowskiý rus diline terjime edipdi. A. Tarkowskiý eden terjimeleriniň bir çene baranyny bilensoň, ony şol wagtky SSSR Ýazyjylar birleşiginiň başlygy A. Fadeýewe okamaga berýär. A. Fadeýew uly wezipesine, wagtynyň azlygyna garamazdan, terjimäniň golýazmasyny okap çykýar. Bu şahyr hem onuň terjimesi ony özüne çekýär. Ol munuň aýratyn kitap bolup çykmagyna görkezme berýär.

Şol döwürlerde, ondan soňky ýyllarda Ýazyjylar birleşiginiň garamagynda ,,Çeper edebiýat” hem ,,Häzirki zaman ýazyjysy” atly iki uly neşirýat bardy. Bularyň ikisi-de şol bir wagtyň özünde agramly bölegi A. Tarkowskiniň terjimeleri bolan iki ,,Magtymgulyny” çap edýär.

Bu örän galagoply döwürde, geçen Watançylyk urşunyň öň ýany, 1941-nji ýylda bolupdy.

Bu hyzmat Magtymgulynyň giň çäkde ykrar edilmegine gowy ýol açypdyr. Şondan bäri rus neşirýatlary Magtymgulyny yzygiderli çap edip gelýärler. Owal başda bu işde A. Fadeýewiň aýratyn hyzmatynyň bolandygyny ýatlaýarlar.

Takdyryň emri bilen

Fadeýew köp ýyllap Ýazyjylar birleşigine ýolbaşçylyk etdi. Onuň paýyna iň agyr döwür düşdi, Staliniň ýowuz gazaby astynda işledi, onuň isleg-arzuwlaryny ýerine ýetirdi. Nädogry edilýän işlere, görnetin töhmetçilikli aýyplamalara gatnaşmaly bolupdyr. Şol wagtyň özünde bu edýän işleriň nädogrudygyny-da boýun alypdyr.

Resmi hökümet tarapyndan ýazgarylýan adamlaryň birnäçesine maddy kömek bermegi başarypdyr. Ol iki ýüzli durmuşa çydamandyr. Bir göwrede gul hem ynsan bolup ýaşamak oňa çakdan aşa agyr düşüpdir. Ol agyr ruhy çökgünlige sezewar bolupdyr. Ahyrynda 1956-njy ýylyň 13-nji maýynda, özüni atyp öldürýär.

Soňky wesýet

A.Fadeýew ölmezinden öňüsyrasy wesýetnama galdyryp, şol ýowuz hem gutulgysyz syýasatdan, özüni öldürmek bilen halas boljagyny aýdypdyr. Işläp hem döredip bolmaýan döwürde özüne ölümden başga ýol galmandygyny boýun alypdyr. Iň ahyrky wesýet hökmünde, ejesiniň ýanynda jaýlanmagyny haýyş edipdir.

A.A. Fadeýewiň Nowodewiçýe gonamçylygyndaky mazary

A.A. Fadeýewiň Nowodewiçýe gonamçylygyndaky mazary

Ony Moskwadaky iň hormatly gonamçylykda, belli syýasy hem döwlet işgärleriniň ýatan böleginde jaýladylar. Onuň eserlerini tä SSSR dargaýança syýasat üçin peýdalanyp geldiler. Galdyran wesýetnamasy bolsa, 1990-njy ýylda aýan edildi.

Şol wesýetnamany okanymdan soň, A. Fadeýewiň ömrüni tamamlan ýerinde boldum. Syýasat hem Magtymguly barada oýlandym.

Magtymgulynyň eserleri şeýle bulaşyk döwürleriň arasyndan geçip gelýär. Ol bize köp taryhy şahslary hem ençeme wakalary ýatladýar.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG