Sepleriň elýeterliligi

BSG: Dünýäniň iň hapa howaly şäheri Eýranda ýerleşýär


Eýranyň durnuksyz Sistan-Bulujystan welaýatyndaky Zabol şäheri.

Eýranyň durnuksyz Sistan-Bulujystan welaýatyndaky Zabol şäheri.

Bütindünýä Saglyk guramasy (BSG) dünýäniň iň hapa howaly şäheriniň Eýranda ýerleşýändigini habar berýär.

Bu guramanyň maglumatyna görä, Eýranyň durnuksyz Sistan-Bulujystan welaýatyndaky Zabol şäheri dünýäniň iň hapa howaly sebiti bolup, bu şäher tomus paslynda ençeme aýlap tozanly tupandan ejir çekýär. Zabol şäheriň Eýranyň Owganystan bilen serhediniň golaýynda ýerleýär.

Dünýäniň iň hapa howaly şäherleriniň ýene dördüsi Hindistanda ýerleşýär. Olar Gwalior, Allahabad, Patna we Raipur şäherleridir.

Bütindünýä Saglyk guramasy 2008-2013-nji ýyllar aralygynda dünýäniň ösen ýurtlaryndaky ençeme şäherde howanyň hapalyk derejesi öňküsinden gowulaşandygyna garamazdan, degişli döwürde dünýäde hapa howanyň derejesiniň öňküsinden 8% ýaramazlaşandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG