Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň ekspertleri Gazagystana çagyryş etdiler


Gazagystanyň Oral şäherinde geçirlen protestler.

Gazagystanyň Oral şäherinde geçirlen protestler.

Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ekspertleri Gazagystany, hökümetiň oba-hojalyk ýerlerini hususylaşdyrmak baradaky planlaryny köpçülige açyk görnüşde protest eden aktiwistleri tussag etmegi we jenaýat jogapkärçiligine çekmegi bes etmäge çagyrýarlar.

Geçen iki hepdäniň dowamynda Gazagystanyň birnäçe şäherinde ýüzlerçe gazak hökümete öz nägileligini bildirmek üçin köçelere çykdy.

Bu protestçileriň käbirleri halkyň arasynda agzalalygy tutaşdyrmakda aýyplanýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň ekspertleriniň 12-nji maýda ýaýradan beýanatynda gazak hökümetine “yzarlamalaryň ähli görnüşini derhal bes etmäge we raýat jemgyýetini goramak üçin täsirli çäreleri görmäge” çagyryş edilýär.

XS
SM
MD
LG