Sepleriň elýeterliligi

Kerri: ABŞ bankirleriň öňünde durmaz


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 12-nji maý, 2016 ý. London

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri. 12-nji maý, 2016 ý. London

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri esasy banklaryň ýolbaşçylaryna, eger olar Eýran bilen biznes etmek isleseler, ABŞ-nyň öňlerinde durmajagyny aýtdy.

Kerri 12-nji maýda Ýewropanyň bank ýolbaşçylarynyň maslahatynda, kreditorlaryň Eýran bilen etjek kanunalaýyk işi üçin jerime salynmaz, sebäbi dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň Tähran bilen baglaşan ýadro ylalaşygyndan soň, global sanksiýalaryň aglabasy aýryldy diýdi.

Bu duşuşyga Ýewropanyň banklary bilen bir hatarda Britaniýanyň Barclays, HSBC, we Standard Chartered ýaly uly banklary gatnaşdylar.

Kerri banklar diňe Birleşen Ştatlaryň nyşana almagy dowam etdirýän eýranly biznesmenleri, ýagny Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy bilen ilteşikli kampaniýalar bilen biznes etmekden gaça dursalar gowy boljagyny nygtady.

XS
SM
MD
LG