Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: ‘CASA-1000’-niň gurluşygyna badalga berildi


12-nji maýda täjik paýtagty Duşenbede “CASA-1000” atly elektrik energiýa proýektiniň gurluşygyna badalga berildi.
12-nji maýda täjik paýtagty Duşenbede “CASA-1000” atly elektrik energiýa proýektiniň gurluşygyna badalga berildi.

12-nji maýda täjik paýtagty Duşenbede Owganystanyň, Pakistanyň Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň resmileriniň gatnaşmagynda “CASA-1000” atly elektrik energiýa proýektiniň gurluşygyna badalga berildi.

Gurluşygy 1,17 million amerikan dollaryna barabar bolan proýektiň düýbüni tutuş dabarasyna owgan hökümetiniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Abdullah Abdullah, Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif, täjik prezidenti Emomali Rahmon we gyrgyz premýer-ministri Sooronbaý Jeenbekow dagylar gatnaşdylar.

“CASA-1000” proýektiniň çäginde 1,222 kilometr uzynlygyndaky elektrik geçiriji liniýalary gurmak hem planlaşdyrylýar. Bu liniýalar arkaly Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gidroelektrikstansiýalaryndan Owganystana (300 MW) we Pakistana (1,000 MW) 1,300 MW elektrik energiýasyny akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Käbir möhüm päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýan “CASA-1000” proýektiniň gurluşygynyň 2018-nji ýyla çenli tamamlanmagy planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG