Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Şübheli söweşijä 3 ýarym ýyl kesildi


Orsýetiň Magnitogorsk sebitiniň Ural şäherinde “Al-Kaýda” bilen ilteşikli söweşiji toparyň agzasy bolmakda güman edilýän bir adam tussag edildi. Bu barada 12-nji maýda ýerli resmiler habar berdi.

Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň ýerli bölümçesi tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylmagyna görä, “Jennet Aşyklary” atly söweşiji toparyň şübheli agzasy gadagançylykdaky ýaragly toparyň işlerine gatnaşmakda we bikanun ýarag saklamakda günäli tapylyp, 3 ½ ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Orsýetiň derňewçileri asly merkezi aziýaly adamyň adyny köpçülige mälim etmeýärler, emma onuň Siriýada “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyň hatarynda birnäçe aýlap söweşendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG