Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Prohorowyň RBK-sini derňeýär


RBK-niň Moskwadaky ofisi

RBK-niň Moskwadaky ofisi

Rus häkimiýetleri çuň mazmunly habar-maglumatlary bilen ýurduň biznes we syýasy elitasynyň, şol sanda prezident Wladimir Putiniň ýakyn dostlarynyň we maşgalasynyň edýän işleriniň ýüzüniň perdesini syran media toparynyň garşysyna jenaýat işini açdylar.

Moskwa şäheriniň polisiýa derňewçileri Orsýetiň RBK media toparynyň içinde bar diýilýän galplygy derňeýärler.

Milliarder biznesmen Mihail Prohorowyň eýeçiligindäki RBK-niň derňewi Kreml bu kompaniýanyň garaşsyz redaktorlyk çemeleşmesinden nägile bolýar diýen gürrüňleriň giň ýaýran wagtyna gabat geldi.

29-njy aprelde başlanan derňew hakynda Rambler habar gullugy 11-nji maýda, ilkinji bolup habar berdi.

Rambler polisiýanyň kararynyň nusgasyna salgylanyp, häkimiýetleriň «Baýt-Telekomyň» emläginiň 25 prosentiniň ogurlanmagy diýilýäni derňeýändigini habar berdi.

«Baýt-Telekom» RBK media guramasyndan öň iki sany başga umumy paýdaryň eýeçiligindäki firma bolupdy. Polisiýanyň hasaplamalaryna görä, bu firmanyň aksiýa paketiniň bahasy 13.4 million dollara barabar.

RBK-niň sözçüsi Ýegor Timofeýew 11-nji maýda holding özüniň «Baýt-Telekomdaky» aksiýasynyň 75 prosentini 2014-nji ýylda kanun esasynda satdy diýdi. Şeýle-de ol bu söwdanyň kanunylygyny tassyklaýan dokumentleri görkezmäge taýýardygyny aýtdy.

Prohorow RBK-ni 2010-njy ýylda satyn aldy we oňa uly mukdarda serişde harçlady, tejribeli we hormatlanylýan žurnalistleri işe çekdi.

Bu kompaniýa soňky ýyllarda, esasan Orsýetdäki biznes bilen syýasatyň çatryklaryna, ýagny kesişýän ýerlerine gönükdirilen derňewleriň arkasyndan abraý gazandy.

RBK 2015-nji ýylyň ýanwarynda, Kremliň prezidentiň maşgala agzalary baradaky detallary tassyklamakdan uzak wagt bäri ýüz öwürýändigine garamazdan, Putiniň kiçi gyzy diýip bilinýän ýaş aýal Katerina Tihonowa hakynda ýazan ilkinji metbugat neşiri boldy.

Tihonowa häzir Moskwa döwlet uniwersitetinde bir ösüş proektine ýolbaşçylyk edýär.

RBK-niň çap eden makalasynda Tihonowa Putiniň gyzy diýlip aýdylmady, bu pikiri soň žurnalist Oleg Kaşin we oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý sosial ulgamlarda aýtdy.

Orsýetiň döwlet mediasynyň başlygy we telewideniýe alyp baryjysy Dmitriý Kiselýow geçen aý efire berlen bir gepleşikde RBK-niň çap eden bir makalasynyň nusgasyny elinde tutup, bu holdingi «Panama kagyzlarynyň» syzdyran maliýe dokumentleri barada has çuň maglumat berip, Birleşen Ştatlara kömek bermekde aýyplady.

Mälim bolşy ýaly, «Panama kagyzlarynda» prezident Putiniň ýaranlarynyň gürrüňi edilýärdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG