Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: ‘CASA-1000’ proýektiniň gurluşygyna badalga berildi


Duşenbede Owganystanyň, Pakistanyň Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň resmileriniň gatnaşmagynda “CASA-1000” proýektiniň gurluşygyna badalga berildi. 12-nji maý, 2016 ý.
Duşenbede Owganystanyň, Pakistanyň Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň resmileriniň gatnaşmagynda “CASA-1000” proýektiniň gurluşygyna badalga berildi. 12-nji maý, 2016 ý.

12-nji maýda täjik paýtagty Duşenbede Owganystanyň, Pakistanyň Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň resmileriniň gatnaşmagynda “CASA-1000” atly elektrik energiýa proýektiniň gurluşygyna badalga berildi.

Gurluşygy 1,17 million amerikan dollaryna barabar bolan proýektiň çäginde 1,222 kilometr uzynlygyndaky elektrik geçiriji liniýalary gurmak hem planlaşdyrylýar.

Bu liniýalar arkaly Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň gidroelektrikstansiýalaryndan Owganystana (300 MW) we Pakistana (1,000 MW) 1,300 MW elektrik energiýasyny akdyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady giňişräk maglumat taýýarlady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:37 0:00

XS
SM
MD
LG